Aşgabatda Tatarystanyň Medeniýet günleri açyldy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa sapar bilen ugrady, Merw - Altyn asyr duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy we beýleki habarlar

Aşgabatda Tatarystanyň Medeniýet günleri açyldy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýa sapar bilen ugrady, Merw - Altyn asyr duşuşygynyň petekleri satuwa çykaryldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Tatarystanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.Döredijilik forumynyň ilkinji çäresi amaly-haşam sungatynyň we ýadygärlik sowgatlarynyň, şeýle hem Tatarystanyň öňdebaryjy ussalarynyň özboluşly eserleriniň sergisi boldy.

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda Tatarystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.Türkmen tomaşaçylary Döwlet halk sazlary ansamblynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.Sungat ussatlarynyň gadymy türkmen küştdepdi tansyny ýerine ýetirmekleri tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy.

2.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Bir guşak, bir ýol forumyna gatnaşmak üçin Pekine bardy.Gurbanguly Berdimuhamedow maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa bilen bilelikde maslahata gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýetleri resmi garşylamak dabarasyna gatnaşdy.

Garşylamak we resmi surata düşmek dabaralary Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde geçirildi. Ýokary derejeli myhmanlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň hormatyna Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň adyndan resmi agşamlyk nahary guraldy, onuň dowamynda HHR-iň medeniýet we sungat işgärleri çykyş etdiler.

3. Italiýan kompaniýalarynyň wekillerinden ybarat uly wekiliýet Aşgabat şäherine geldi. Bu sapar iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen hyzmatdaşlykda Italiýanyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan guraldy.

4.Koreýanyň Ulaglar institutynyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparyň çäklerinde Aşgabat şäherine geldiler we ulaglar pudagyna gözegçilik edýän birnäçe döwlet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler.Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ulaglar pudagynda, şol sanda demir ýol we awtoulag hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň biri Türkmendemirýollary agentliginiň edara binasynda geçirildi.Koreýa tarapy Türkmenistanda dürli ulag taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak boýunça meýilnamalary barada habar berdi.

5. AFK Kubogynyň 2023/24-nji möwsümdäki çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň çäklerindäki Merw - Altyn asyr duşuşygynyň petekleri satylyp başlandy. Oýun 26-njy oktýabrda, penşenbe güni Aşgabat stadionynda geçiriler.

6.Türkmenistan Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda milli baýramçylyga Türkmen alabaýynyň gününe bagyşlanan bäsleşik sergisiniň açylyş dabarasy boldy.Edermen alabaýy şekillendirýän 250-den gowrak eser hödürlendi.Olar nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, gobelen, dizaýn gurnamalary ýaly dürli žanrlarda ýerine ýetirildi.

Emin agzalary bäsleşigiň netijelerini şu ýyl 29-njy oktýabrynda bellenilýän baýramçylygyň öňüsyrasynda jemlärler.Iň oňat eserler akademiýanyň dekabr aýynyň başyna çykarjak umumy katalogyna giriziler.

Dünýäde

7. Xiaomi kompaniýasy meşhur MIUI ulgamynyň oruntutary täze HyperOS operasion ulgamyny resmi taýdan tanyşdyrdy. HyperOS-yň doly tanyşdyrylyş dabarasy 27-nji oktýabrda Xiaomi 14 flagman smartfonlary bilen bilelikde bolar. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemeklerine görä, HyperOS operasion ulgamy ähli Xiaomi enjamlaryna tapgyrlaýyn esasda ýaýradylar we MIUI-niň ornuny tutar.

8.Möý-adam hakyndaky Marvel's Spider-Man 2 atly täze oýun resmi taýdan çykarylmagyndan üç gün öň eýýäm tankytçylaryň arasynda ykrar edildi we taryhyň iň gowy oýunlarynyň biri diýen derejä eýe boldy.

Metacritic syn agregatorynda oýun 58 synyň esasynda mümkin bolan 100 balldan 92 ball toplady, meňzeş ugurly OpenCritic hyzmatynda bolsa 100-den 91 ball aldy.Tankytçylaryň pikirine görä, Möý-adam baradaky täze oýun has gowy grafika, has giň masştaba we dinamika eýe.

Oýunda iki baş gahryman bar Piter Parker we Maýls Morales, olaryň ikisiniňem oýna täsir edýän täsin ukyplary bar.Wezipeleriň sany we gyzgalaňly söweşler gyzykly oýun prosesini üpjün edýär.

Sport habarlary

9.Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndysy şu gün Gyrgyzystanyň toparyna garşy oýun bilen Dewisiň kubogyndaky çykyşyna başlaýar.Bu ýaryşlarda türkmen tennisçileri Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda çykyş edýärler, oýunlar Antalýada geçirilýär.

Iki toparça bölünen 8 ýygyndy 3-nji topardaky ýeke-täk ýer üçin göreşerler.Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümine Meýlis Orazmuhammedow, Ýuriý Rogusskiý, Atlymyrat Gurbanow, Hajy Çaryýew, Gurbanberdi Gurbanberdiýew girýär.

Erkekler ýygyndysynyň kapitany we baş tälimçisi Mirali Gasanowdyr.

10. Mir24 teleýaýlymyndaky Merkezi Aziýanyň rowaýatlary gepleşiginiň bölümleriniň birinde türkmen agyr atletikaçysy, üç gezek dünýä çempiony, Olimpiýa oýunlarynyň rekordynyň eýesi, üç gezek Ýewropa çempiony, Aziýanyň çempiony we SSSR-iň at gazanan sport ussady Altymyrat Orazdurdyýew barada maglumat berildi. Film halkara sahnasynda uly üstünlik gazanan we Watanyna şöhrat getiren türgeniň ömri hem-de karýerasy barada gürrüň berýär.

11. 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň birinji tapgyry Aziýada tamamlandy, onuň netijelerine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň E toparçasyndaky üçünji garşydaşy mälim boldy.Bu topar Gonkongyň milli ýygyndysydyr, ol Butan bilen iki oýun dowam eden gapma-garşylykda ýeňiji boldy.

Saýlama ýaryşyň 16-njy noýabrda başlajak ikinji tapgyrynda Mergen Orazowyň topary Gonkongdan başga-da, Eýrana we Özbegistana garşy oýnar.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň iň köp girdeji gazanan 10 filmi
“Call of Duty” bassyr 12-nji gezek ABŞ-da ýylyň iň köp satylan oýun franşizasy boldy
Marvel täze filmlerini anons etdi
Ýylyň ilkinji “milliarder” filmi
“Marvel” 2021-nji ýylda ekranlara çykarjak filmdir seriallaryny mälim etdi
Ýylyň garaşylýan filmleri