"Altyn globus" film baýraklarynyň dalaşgärleri yglan edildi

"Altyn globus" film baýraklarynyň dalaşgärleri yglan edildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlary “Altyn globus” film baýraklaryna dalaşgärlerim sanawyny tanyşdyrdy. Iň gowy drama filmleriň sanawyna Florian Zelleriň “Kaka” (The Father) we Hloýa Çžaonyň “Çarwalaryň ýurdy” (Nomadland) filmleri dalaşgär görkezildi. Bu barada vesti.ru habar berdi.

Şeýle-de bu ugur boýunça dalaşgärleriň hatarynda Dewid Finçeriň “Mank” (Mank), Emirald Fenneliň "Umyt berýän gyzjagaz” (Promising Young Woman) we Aaron Sorkiniň “Çikagoly ýedileriň derňewi” (The Trial of the Chicago 7) filmleri bar.

Finçer we Çžao iň oňat režissýor diýen ugur boýunça bäsleşer.Bu ugra dalaşgärleriň arasynda Fennel we Sorkin, şeýle hem “Maýamide bir gije” (One Night in Miami) filmini düşüren Rejina King bar.

Iň oňat komediýa ýa-da mýuzikl hökmünde Jeýson Uollineriň režissýorlyk eden “Borat 2” we Tomas Kaýlyň “Hemilton” filmleri saýlanylyp bilner.Bu ugur boýunça Maks Barbakowyň "Palm Springs", Raýan Merfiniň "Gutardyş" (The Prom) we awstraliýaly aýdymçy Sia tarapyndan ýazylan “Mýuzik” (Music) filmleri hem dalaşgärlik eder. “Iň oňat teleserial - komediýa ýa-da mýuzikl” ugry boýunça dalaşgärleriň arasynda rus imperatory Ýekaterina II-niň durmuşyndan söz açýan “Beýik” (Emily in Paris, 2020) seriýaly bar. Şeýle hem “Emili Parižde” (Emily in Paris, 2020), “Bortdaky ýolbelet” (The Flight Attendant, 2020), “Şitts Krik” (2015-2020) (Schitt's Creek, 2015-2020) we “Ted Lasso” (Ted Lasso, 2020) filmleri bu ugurda dalaşgärlik eder.

Mini-seriallaryň we telefilmleriň arasynda “Perziniň göçümi” (The Queen’s Gambit), "Adaty adamlar" (Normal People), "Kiçi palta" (Small Axe), "Unorthodoks" (Unorthodox) we “Pleý bäk” (The Undoing) filmleri özara bäsleşerler. 2020-nji ýyldaky 78-nji "Altyn globus" baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy 28-nji fewralda, koronawirus pandemiýasy sebäpli onlaýn ýagdaýda geçiriler.

Baýraklara dalaşgärleriň sanawyny baýragyň resmi web sahypasynda görmek mümkin.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Werstappen “Formula-1-de” Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Awstraliýanyň Katar 2022-däki düzümi belli boldy