“Forsaž” filmleri 11-nji kinodan soň tamamlanar

Ýokary tizlikden lezzet alýanlaryň söýgüli filmler toplumy “Forsaž”

(Fast and Furious) 11-nji kinodan soň tamamlanar. Muşdaklary soňky gezek ilkinjisi 2001-nji ýylda ekranlara

çykarylan “Forsaž” filmleriniň 8-nji

kinosyna tomaşa etdiler. Häzirki wagtda önümçiligi

tamamlanan 9-njy filmiň 2021-nji ýylda kinoteatrlara ýaýradyljakdygy ozal habar berlipdi.

Filmiň prodýuserleri ýene-de 2 kinodan soň, has

takygy, 11-nji kinodan soň, “Forsaž” filmleriniň

tamamlanjakdygyny habar berdiler. Soňky 2 filme-de Jastin

Lin režissýorlyk eder. Jastin Lin “Forsaž 3”-den soň, yzly-yzyna 4 filme režissýorlyk edipdi.

7-nji filmi Jeýms

Wanyň, 8-nji kinony-da F. Greý Greýiň surat düşürmeginden soň, Lin 9-njy film üçin

täzeden kameranyň arkasyna geçipdi. “Universal Pictures”

kompaniýasynyň hemaýatkärligindäki “Forsaž” filmler toplumynyň 12-nji kinosyna

degişlilikde, Rob Kohen bilen Jon Singlton režissýorlyk edipdi. Şu wagta çenli tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirilen “Forsaž” filmleri üçin 1 milliard 209 million dollar çykdajy edilipdi. Aýratynam,

78-nji kinolaryň 1 milliard dollardan köp girdeji gazanmagy bilen “Forsaž” filmler toplumynyň toplan umumy girdejisi 5

milliard 891 million dollara deňdir. Win Dizel,

merhum Pol Wolker, Mişel

Rodriges, Jordana Brewster, Gal Gadot, Taýrese Gibson ýaly artistleriň surata düşüp başlan “Forsaž” filmleriniň soňky kinolaryna Dweýn Jonson, Jeýson Stetham,

Şarliz Teron ýaly meşhur ýyldyzlar hem

goşulypdy. Ýeri gelende aýtsak, 2019-njy ýylda “Forsaž”

filmler toplumynyň “spin-off”-y (filmiň gahrymanlarynyň başga

kinosy) “Forsaž hödürleýär: Hobbs we Şaw” kinosy-da

ekranlara çykarylypdy.

Ýene degişli makalalar

Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Forsaž 10-na Jastin Liniň deregine Lui Leterýe režissýorlyk eder
Forsaž-10-yň birinji bölümi surata düşürilip başlandy
“Forsaž” filminiň 10-njy bölümi surata düşürilip başlandy