LeBron Jeýms “LA Leýkersde”

Dünýä belli basketbolçy, NBA-nyň super ýyldyzy LeBron Jeýms toparyny üýtgetdi. “Kliwlend Kawaliersiň” 33 ýaşly basketbolçysy mundan soň, karýerasyny NBA-nyň iň köp çempionlyk gazanan 2-nji topary “Los Anjeles Leýkersde” dowam etdirer.

Jeýms Günbatar zolagynyň umumylykda uly, ýöne soňky ýyllarda pleý-offuň daşynda galmagy endik edip başlan topary “Leýkers” bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy.Los anjelesliler super ýyldyza 4 ýyly üçin 154 million dollar hak tölär.NBA-da 15-nji möwsümini tamamlan LeBron Jeýms 1984-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Ohaýo ştatynyň Akron şäherinde dünýä inýär.

Ol 2003-nji ýylda ştatyň beýleki bir şäheri Kliwlendiň topary “Kliwlend Kawaliersde” professional karýerasyna başlaýar. “The King” (Şa) lakamly oýunçy 2010-njy ýyla çenli, şertnamasy tamamlanýança, bu klubda oýnady.

Soňra 4 möwsüm “Maýami Hitde” çykyş edip, Dweýn Weýd, Kris Boş ýaly ýyldyzlar bilen bu toparda 2 gezek NBA-nyň çempiony boldy. 2014-nji ýylda täzeden “Kliwlende” dolanan Jeýms 2 ýyl soňam kluba NBA-da ilkinji çempionlygyny gazandyrdy.

Geçen möwsümde adaty möwsümiň 82 duşuşygynda-da çykyş edip, pleý-offlarda-da diýseň ýokary derejede oýun görkezen LeBron Jeýmsiň tagallasy finalda hatary ýyldyzdan doly “Golden Steýt Warriorsy” ýeňmäge ýeterlik bolmady.

NBA-nyň 3 gezek çempiony, 3 sapar final oýunlarynyň iň gymmatly oýunçysy, 4 gezegem adaty möwsümiň iň gymmatly oýunçysy saýlanan Jeýms 14 sapar “All Starda” çykyş etdi.Mahlasy, onlarça rekordyň eýesi LeBron Jeýmsiň öňümizdäki 4 ýylda NBA-nyň taryhyndaky iň netijeli 8 oýunçynyň 6-synyň (Wilt Çemberleýn, Karim Abdul-Jabbar, Şakil O’Nill, Kobi Braýant…) çykyş eden kluby “Leýkerse” toparyň ýolbaşçylaryndan, öňki ýyldyz oýunçy Mejik Jonsonyň belleýşi ýaly, täzeden ozalky başarnykly günlerine dolandyryp-dolandyrmajakdygyny wagt görkezer.

Ýene degişli makalalar

NBA-da çempion üýtgemedi
“Los Anjeles Leýkersiň” 17-nji çempionlygy
Sportuň taryhynda şu gün 19-njy noýabr
“LA Leýkersiň” 32-nji, “Maýami Hitiň” 6-njy finaly
1-nji oýnunda “LA Leýkers” uly hasap bilen ýeňiş gazandy
“LA Leýkers” çempionlyga bir ädim golaýlady