Los Anjeles Leýkers düzümine 2 ýyldyzy goşdy

NBA-nyň iň köp çempionlyk gazanan iki toparynyň biri Los Anjeles Leýkers düzümine dünýä ýyldyzlarynyň ikisini goşdy.Topar triple-double hasabatlarynyň öňdebaryjysy Waşington Wizards toparynyň oýunçysy Rassel Westbruk bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2020-nji ýylyň çempiony Leýkers 32 ýaşyndaky Westbruga ýyllyk 44 million dollar tölär.

Dünýä ýyldyzy LeBron Jeýmsiň çykyş edýän topary LA Leýkers Westbrugyň deregine Waşington Wizards toparyna 3 basketbolçysyny Kaýl Kuzmany, Montrez Harrelli hem-de Kentawius Kaldwell-Poupy, şeýle-de, 2024-nji we 2028-nji ýyllardaky ikinji tapgyrda draft etmek hukugyny berdi.

LA Leýkers Westbrukdan soň, başga bir ýyldyz basketbolçy Karmelo Entonini hem düzümine goşdy. 37 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Entoni soňky 2 möwsümi Portlend Treýl Bleýzersde geçirip, ol ondan öň Denwer Naggets (200311), Nýu Ýork Niks (201117), Oklahoma Siti Tander (201718) hem-de Hýuston Rokets (201819) toparlarynyň köýnekçelerini geýipdi.

Şeýle-de, Golden Steýt Warriors topary ýyldyz oýunçysy Stefen Körri bilen 4 ýyl üçin 215 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Dallas Maweriks topary-da 22 ýaşyndaky sloweniýaly basketbolçysy Luka Donçiç bilen 5 ýyllyk täze şertnama gol çekişdi. Donçiç 5 ýyl üçin 207 million dollar hak alar.

Ýene degişli makalalar

GYSGA SETIRLERDE
15-nji noýabr
30-njy topar
Sportuň taryhynda şu gün 19-njy noýabr
Lebron Jeýms NBA-nyň taryhynda iň köp utuk gazanan oýunçy boldy
51 ÝYLLYK REKORDY TÄZELEDI