Sport habarlary

Sambo we söweş sambo göreşi boýunça 42-nji Dünýä çempionaty Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçirildi.Bu çempionata 80 döwletden 750 türgen gatnaşdy.Olar 9 agram derejesinde özara bäsleşdiler.

Bu çempionatda türkmen pälwanlary hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.Nowruz Ataýew (52 kg), Kerimberdi Döwletow (62 kg), Abdylla Babaýew (68 kg), Jawlanbek Madaminow (82 kg), Çarymyrat Annagurbanow (100 kg), Babajan Iwadullaýew (100+ kg) dagy bürünç medal gazandylar.

Umumy medallaryň sanawy boýunça bu sport görnüşiniň watany hasaplanýan Russiýa (15 altyn, 4 kümüş, 5 bürünç) jemi 24 medal bilen 1-nji orny eýeledi. 4 altyn medal alan Gruziýa 2-nji (1 kümüş, 3 bürünç), 2 altyn medal gazanan belarusly samboçylar (6 kümüş, 5 bürünç) 3-nji ýere mynasyp boldy.

Tennis boýunça zenan ýygyndylaryň arasynda geçirilýän FED kubogy ýaryşynda bu ýyl Çehiýanyň topary ýeňiş gazandy.Olar finalda geçen ýylyň çempiony ABŞ-nyň zenan topary bilen güýç synanyşdy. Çehiýanyň paýtagty Pragadaky “O2 Arenada” geçirilen final oýunlarynda Çehiýanyň düzüminde Barbora Strysowa, Katerina Sinýakowa, Barbora Kreýçikowa, ABŞ-nyň düzüminde-de Sofiýa Kenin, Alisan Risk, Nikol Meliçar, Daniel Kollinz dagy çykyş etdi.

Strysowa Kenini 6:7, 6:1, 6:4 hasaplar bilen utup, umumy hasapda çehleri öňe saýlady. 2-nji duşuşyk hem ýewropalylaryň peýdasyna tamamlandy. Ýagny Sinýakowa amerikaly Riskden 20 üstün çykdy (6:3, 7:6).

Sinýakowa bilen Keniniň arasyndaky oýunda hem çehler ýeňiş gazanyp, 2011-nji ýyldan bäri 5-nji, umumylykda-da 11-nji çempionlygyny baýram etdi. 1963-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Federasiýa kubogy ýaryşynda ABŞ-nyň ýygyndysy iň köp çempion bolan topardyr (18).

Karate boýunça 24-nji Dünýä çempionaty Ispaniýanyň paýtagty Madridde geçirildi.Erkekdir zenan türgenler aýratynlykda, karateniň ýekeleýin kumite we kata görnüşleriniň 6 agram derejesinde hem-de toparlaýyn kata we kumite görnüşlerinde çykyş etdiler.

Medallaryň umumy sanawy boýunça Ýaponiýa 4 altyn medal bilen 1-nji orna mynasyp boldy (4 kümüş, 2 bürünç). 2 altyn medal alan eýranlylar 2-nji, fransuz karateçileri-de 3-nji ýeri eýeledi.

Erkekleriň arasynda ýekeleýin we toparlaýyn kata görnüşi boýunça ýaponiýaly Ryo Kiýuna 2 altyn medal, ýekeleýin we toparlaýyn kumite görnüşinde-de eýranly Rahman Askari 2 altyn medal gazanyp, çempionatyň tapawutlanan türgenleri boldy.

Bu ýaryş 1970-nji ýyldan bäri her iki ýyldan geçirilýär.Indiki çempionaty 2020-nji ýylda BAE-niň Dubaý şäheri gurar.

Gimnastikanyň batutdan bökmek görnüşi boýunça Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen 33-nji Dünýä çempionatynda hytaýly türgenler öňe saýlandy.Erkekleriň arasyndaky ýekeleýin hem-de garyşyk toparlaýyn ýaryşlarda ýeňiji bolan Gao Lei Dünýä çempionatlaryndaky altyn medallarynyň sanyny 6-a ýetirdi.

Gyzlaryň arasynda-da akrobatik maşklar görnüşinde Žia Fanfan (5-nji çempionlygy) Hytaýa altyn medal gazandyran beýleki türgen boldy.Hytaýly gimnastikaçylar 2 kümüş, 1 bürünç medal hem gazandy. Ýer eýeleri Russiýanyň gimnastikaçylary-da 2 altyn we 3 bürünç medal bilen çempionaty tamamladylar.

Akrobatik maşklar ýaryşynda Wadim Afanasew hem-de Mihail Zalomin dabl mini-tramp görnüşinde-de Russiýanyň altyn medal gazanan türgenleri boldy. Çempionat indiki ýyl Tokioda geçiriler.

Formula 1 Formula 1 boýunça möwsümiň 20-nji “Gran Prisinde” çempionlygyny 1 tapgyr ozal yglan eden britaniýaly Lewis Hamilton (“Mercedes”) ýeňiji boldy.Ol Braziliýanyň Sao Paulo şäherindäki “Interlagos” trassasynda geçirilen ýaryşa 1-nji hatardan başlap, 71 aýlawy 1 sagat 27 minut 09,066 sekuntda tamamlady.

Bu onuň şu möwsümdäki 10-njy, karýerasy boýunça-da 72-nji ýeňşidir.Hamiltondan 1,4 sekunt soň pellehana gelen “Red Bulluň” golland sürüjisi Maks Werstappen 2-nji, 4,7 sekunt yza galan Kimi Raikkonen (“Ferrari”) 3-nji ýeri eýeledi.

Sürüjilerden soň, toparlaryň arasynda-da çempionlyk gazanan belli bolup, “Mercedes” bassyr 5-nji gezek ýeňşini baýram etdi.Olar 20 ýaryşda 620 utuk toplady. 2-nji orunda barýan “Ferrariniň” 553 utugy bar.

F1-de möwsümiň iň soňky ýaryşy 25-nji noýabrda Abu Dabide geçiriler (BAE).

Basketbol Amerikanyň Milli Basketbol assosiasiýasynda (NBA) “Los Anjeles Leýkers” öz meýdançasynda “Portland Treýl Bleýzersden” 126117 hasabynda üstün çykyp, möwsümdäki 8-nji ýeňşini gazandy.

Duşuşykda tomusda “Leýkersiň” düzümine goşulan super ýyldyz LeBron Jeýms toparyna 44 utuk gazandyrdy. Şeýlelikde, onuň NBA-da geçiren utuklarynyň sany 31425-e ýetdi we ol bu ugurda rowaýaty Wilt Çemberleýnden öňe saýlandy.

Häzirki wagtda 5-nji basgançakda barýan LeBron Jeýms möwsümiň başynda Dirk Nowitzkini-de yzda galdyrypdy.NBA-da iň köp utuk gazanan basketbolçylaryň sanawynda Karim Abdul-Jabbar 38387 utuk bilen 1-nji ýeri eýeleýär.

Karl Maloun 2-nji (36928 utuk), Kobe Braýant 3-nji (33643), Maýkl Jordon 4-nji (32292) hatarda barýar.Diňe adaty möwsüm esasynda düzülýän bu sanawda LeBron Jeýmsiň has öňdäki orunlara geçmegine garaşylýar.

BOKS Dünýä belli amerikaly boksçy Floýd Meýwezer şu ýylyň iň soňky gününde ýaponiýaly kikboksçy Tenşin Nasukawa bilen tutluşar.Iki türgenem öz ugurlarynda häzire çenli geçiren tutluşyklarynda 1 gezek hem ýeňlip görmedi. 41 ýaşly Meýwezer 50 duşuşygynyň, 20 ýaşyndaky Nasukawa bolsa, 27 tutluşygynyň ählisinde-de garşydaşlaryndan üstün çykdy.

Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu tutluşygy 31-nji dekabrda Ýaponiýanyň Saitama şäherinde geçiriler.Dünýäniň iň köp pul gazanan türgenleriniň biri hasaplanýan Meýwezer mundan öňki tutluşygyny-da boksçy bolmadyk, başa-baş söweşiji, irlandiýaly Konor Makgregor bilen geçiripdi we 10-njy raundda garşydaşyny ýeňipdi. Şeýle-de, öňümizdäki ýylyň 2-nji ýarymynda Meýwezeriň filippinli boksçy Manni Pakiýao bilen hem gaýtadan duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
MakGregoryň ýeňlişi Meýwezere uly girdeji gazandyrdy
GYSGA SETIRLERDE
Pakýao ― Meýwezer tutluşygy dokuz ýyldan soň gaýtalanar
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary