Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi

Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi

Irlandiýaly Konor Makgregor indi professional sportda iň ýokary hak alýan türgen däl.Forbes-iň maglumatlaryna görä, iki diwizionda UFC-niň öňki çempiony 2022-nji ýylyň iň ýokary girdeji alýan 50 türgeniniň arasynda 35-nji orny eýeleýär.

Umumy alanyňda söweşijiniň gazanjy 43 mln dollar boldy: 33 mln dollary Dastin Porýe bilen söweşi üçin we ýene 10 mln dollary beýleki çeşmelerden gazandy diýip, allboxing.ru belleýär.

Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli azalmadyr, sebäbi şol wagt Makgregor 180 mln dollar girdeji bilen türgenleriň arasynda birinji orny eýeleýärdi. Bu mukdar Proper No. Twelve-iň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasynyň 150 mln dollara satylmagy bilen belli bir derejede baglanyşyklydyr.

2022-nji ýylda sanawy futbolçy Lionel Messi (130 mln dollar) we MBA-nyň oýunçysy Lebron Jeýms (121,2 mln dollar) açýar.Makgregor top-50-ä düşen garyşyk başa-baş söweşiň ýeke-täk söweşijisi, ýöne sanawda başga-da birnäçe tanymal boksçylar bar.

Boks ýyldyzy Kanelo Alwares 90 mln dollar bilen 8-nji orny, super agyr agramda boks boýunça çempion Taýson Fýuri 62 mln dollar bilen 18-nji orny eýeledi.Boksçy karýerasyny üstünlikli ösdürýän Jeýk Pol bolsa 38 mln dollar girdeji bilen sanawda 46-njy orunda ýerleşdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär, Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Owerçugy kabul etdi, Ahal welaýatynda iki orta hünär okuw mekdebi peýda bolar we beýleki habarlar