Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar

Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar

UFC 279 turniriniň esasy söweşinde Hamzat Çimaýew bilen Neýt Dias duşuşar. Bu barada promouşeniň metbugat gullugy habar berýär diýip, sport-express.ru belleýär.

Çimaýew ýarym orta agramda UFC-niň reýtinginiň üçünji ornuny eýeleýär.Ol 10-njy aprelde ABŞ-nyň Jeksonwill şäherinde geçirilen UFC 273 turnirindäki soňky söweşinde emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen (29-28, 29-28, 29-28) Gilbert Býornsden (20-5) üstün çykdy.

Dias ilkinji 15-likde ýok. Şeýle-de, ol iki söweş bäri ýeňlip gelýär. 2016-njy ýylyň martynda ol UFC-de soňlugy bilen taryhda iki agram kategoriýasynda guramanyň ilkinji çempiony bolan irlandiýaly Konor Makgregory ilkinji ýeňlişe sezewar etdi. 2021-nji ýylyň 12-nji iýunynda UFC 263-de bolan soňky söweşinde ol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi netijesinde (49-46, 49-46, 49-46) Leon Edwardsdan (19-3) ýeňildi. Çimaýew bilen Diasyň arasyndaky söweş 10-njy sentýabrda Las-Wegasda geçiriljek UFC 279 turnirinde bolar.

Ýene degişli makalalar

Toni Fergýuson indiki söweşini Li Jinliang bilen geçirer
UFC 279 turnirinde Çimaýew Hollanddan üstün çykyp, ýeňilmezek adyny saklap galdy
Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär, Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Owerçugy kabul etdi, Ahal welaýatynda iki orta hünär okuw mekdebi peýda bolar we beýleki habarlar
ESPN APL-iň şu möwsümdäki iň gowy transferini aýtdy
“Booker” baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Hamzat Çimaýew diwiziony we garşydaşyny saýlady