Hamzat Çimaýew diwiziony we garşydaşyny saýlady

Hamzat Çimaýew diwiziony we garşydaşyny saýlady

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Hamzat Çimaýewiň haýsy diwizionda çykyş etjekdigini öz islegine görä saýlap bilýändigini aýdandan soň, çeçen söweşijisi ýoluny ýarym orta agramda dowam etdirmäge taýýardygyny we özüniň indiki garşydaşy hökmünde Kolbi Kowingtony görmek isleýändigini aýtdy. Muny fighttime.ru ýetirýär.

Üç hepde mundan öň Hamzat Çimaýew UFC 279 turnirinden öň agram ýaryşynda üç ýarym kilogram artykmaçlygy görkezip, Neýt Diasa garşy söweşden aýryldy.Netijede, onuň garşydaşy Kewin Holland bolup, ony aralyk agramyň çäklerinde birinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňdi. Çäreden soň Çimaýewiň tälimçisi onuň indiki söweşini ýylyň ahyryna çenli orta agram kategoriýasynda geçirjekdigini aýtdy, söweşiji hem bu maglumaty tassyklady.

Kolbi Kowington barada aýdylanda, ol şu ýylyň mart aýynda emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen Horhe Maswidaldan üstün çykdy we häzirki wagtda diwizionyň reýtinginde Çimaýewden bir orun öňde bolup, ikinji orny eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

UFC 279 turnirinde Çimaýew Hollanddan üstün çykyp, ýeňilmezek adyny saklap galdy
Toni Fergýuson indiki söweşini Li Jinliang bilen geçirer
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Dana Uaýt Çimaýew-Diaz söweşini guramak isleýär
Hamzatdan ýeňlen Býornse Dana Uaýt ýene bir güýçli garşydaşy söz berdi