Toni Fergýuson indiki söweşini Li Jinliang bilen geçirer

Toni Fergýuson indiki söweşini Li Jinliang bilen geçirer

Ýeňil agramda UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony Toni Fergýuson indiki söweşini ýarym orta agram kategoriýasynda geçirer, onuň garşydaşy bolsa diwizionyň 14-nji belgisi Li Jinliang bolar diýip, fighttime.ru belleýär.

10-njy sentýabrda Las-Wegasda UFC 279 turnirinde geçiriljek söweş barada UFC-niň prezidenti Dana Uaýt habar berdi.

Şu ýylyň maý aýynda Toni Fergýuson ikinji raundda Maýkl Çendlerden nokaut bilen basylyp, bassyr dördünji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Li Jinliang bolsa iýul aýynda ikinji raundda Muslim Salihowy tehniki nokaut bilen ýeňip, Hamzat Çimaýewden möhletinden ir ýeňlenden soň, karýerasyna üstünlik getirdi. Ýatlap geçsek, UFC 279 turniriniň esasy wakasy ýarym orta agramda Hamzat Çimaýew bilen Neýt Diasyň arasyndaky söweş bolar.

Ýene degişli makalalar

UFC 279 turnirinde Çimaýew Hollanddan üstün çykyp, ýeňilmezek adyny saklap galdy
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Hamzat Çimaýew diwiziony we garşydaşyny saýlady
Türkiye 8 aýlyk döwürde 205 müň tonnalyk funduk maňzyny eksport etdi
Asyryň Betbagtçylygyndan umytly habarlar gelmäge dowam edýär
Ysraýylly esgerler bir palestinaly çagany öldürdiler