UFC 279 turnirinde Çimaýew Hollanddan üstün çykyp, ýeňilmezek adyny saklap galdy

UFC 279 turnirinde Çimaýew Hollanddan üstün çykyp, ýeňilmezek adyny saklap galdy

Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) Las-Wegasda geçen 279 belgili turnirinde MMA-nyň şwesiýaly söweşijisi Hamzat Çimaýew amerikaly Kewin Hollanddan üstün çykdy.

Duşuşyk bir raund hem dowam etmän, başlanyndan bary-ýogy 2 minut 13 sekunt geçenden soň, Çimaýewiň D'Arsyň demikdiriji emelini ulanmagy bilen tamamlandy.Ilkibaşda, Çimaýew amerikaly Neýt Dias bilen duşuşmalydy.

Emma Hamzat 9-njy sentýabrda geçirilen agram çekilişikde bellenilen çäge girip bilmedi (onuň agramy 81 kg, bellenilen çäk - 77,56 kg).Hamzat Çimaýew ýeňilmezek adyny saklap galdy.Onuň hasabynda 12 duşuşykda 12 ýeňiş bar.

Hollandyň hasabynda 23 ýeňiş we sekiz ýeňliş bar, bir söweş bolsa geçirilmedik diýlip yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Toni Fergýuson indiki söweşini Li Jinliang bilen geçirer
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Hamzat Çimaýew diwiziony we garşydaşyny saýlady
Türkiye 8 aýlyk döwürde 205 müň tonnalyk funduk maňzyny eksport etdi
Asyryň Betbagtçylygyndan umytly habarlar gelmäge dowam edýär
Ysraýylly esgerler bir palestinaly çagany öldürdiler