Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary

ÝÇL. 1/8 final tapgyrynyň ilkinji duşuşygyny öz meýdanynda geçiren PSŽ Real Sosýedady Mbappeniň (58) we Barkolýanyň (70) gollary bilen 2:0 hasabynda ýeňdi. Şol gün Bawariýa myhmançylykda Lasiodan 0:1 hasabynda utuldy. Ýer eýeleriniň ýeke-täk goluny 11 metrlik jerime urgusyndan 69-njy minutda Immobile geçirdi.

UFC. Russiýaly pälwan, ozalky çempion Habib Nurmagowmedowyň doganoglansy Abubakar Nurmagomedow guramadan çetleşdirildi. Ol MMA-de 17 ýeňiş gazanyp, 4 gezek utuldy, 1 gezek hem deňligi bar.

UFC. Ýeňil agramyň ozalky çempiony, russiýaly türgen Petr Ýan nobatdaky tutluşygyna taýýarlyk görmek üçin ABŞ-a gitdi. Ol UFC299-yň çäklerinde 11-nji mart güni Song Ýadon bilen tutluşar.

MMA. UFC-niň ozalky wekili, russiýaly türgen Timur Waliýew 9-njy mart güni ACA ligasynda ilkinji tutluşygyny geçirer. Onuň garşydaşy Aleksandr Podlesniý bolar.

Futbol. Al-Nassryň hüjümçisi Kriştianu 11 metrlik jerime urgularyndan daşary geçiren gollarynyň sany boýunça Lionel Messiniň yzyndan ýetdi. Indi ýyldyzlaryň ikisiniň hasabynda-da 713 gol bar.

Tennis. Katarda geçirilýän WTA 1000 ýaryşynda dünýäniň 31-nji raketkasy, belarusly tennisçi Wiktoriýa Azarenko 1/8 finalda latwiýaly Ýelena Ostapenkony (11-nji raketka) 6/0, 6/3 hasaplary bilen ýeňdi.

Boks. Üç gezek dünýä çempiony bolanyndan soňra karýerasyny ýapýandygyny mälim eden amerikaly boksçy Şakur Stiwensonyň ringlere dolanyp gelmegine garaşylýar. Boksçynyň promouteri Bob Arum onuň iýun aýynda tutluşyk geçirjekdigini aýdýar.

UFC. Guramanyň ýolbaşçysy Dana Uaýt Konor Makgregoryň indi tutluşyk geçirmek niýetiniň ýokdugyny aýtdy. Ol girdejini başga çeşmelerden gözlemekçi. Öňräk bolsa Konoryň öňümizdäki tomusda Maýkl Çendler bilen tutluşyk geçirjekdigi aýdylypdy.

UFC. Orta agyr agram derejesiniň russiýaly wekili Şarabutdin Magomedow geljekki tutluşygy barada ilkinji maglumaty paýlaşdy. Bu barada ol jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly ...04.24 diýen ýazgyny galdyrdy.

Futbol. AFK-nyň Çempionlar ligasynda Al-feýha bilen bolan duşuşyga gatnaşan Kriştianu Ronaldu klub derejesindäki duşuşyklarynyň sanyny 1000-e tegeledi. Ol bu duşuşyklaryň 685-sini milli çempionatlarda, 98-sini Kubok ýaryşlarynda, 217-sini bolsa halkara derejeli ýaryşlarda geçirdi. Ronaldu Ýer ýüzi boýunça 1000 duşuşyk geçiren 7-nji futbolçydyr. Sanawyň başyny 1209 oýun bilen Rožerio Seni çekýär.

Ýene degişli makalalar

Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi
Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy
Konor Makgregor täze söweş stilini görkezdi
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Awtomobil mekdepleriniň birleşigi sürüjilik okuwlarynyň üýtgedilen nyrhnamalary bilen tanyşdyrdy, Türkiýä gitmek üçin syýahatçylyk wizasyna gerek resminamalaryň sanawy, ýanwar aýynyň soňunda Türkmenistanda maýyl howa garaşylýar we beýleki habarlar
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi