Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy

Konor Makgregoryň bäsdeşi bolmaga esasy dalaşgäriň kimdigi belli boldy

Iki agyrlyk kategoriýasynda UFC-iň eks-çempiony, irlandiýaly pälwan Konor Makgregor ýeňil agramda (70 kg-a çenli) UFC titulyna öňki dalaşgär, amerikaly türgen Jastin Getji bilen güýç synanyşyp biler diýip, MMA Pack öz sosial torunda habar berýär.

Owal Makgregor indiki tutluşygyny ýarym orta agramda geçirjekdigini yglan edipdi, Getji bolsa irlandiýaly türgeniň bäsdeşi bolup çykyş etmäge esasy dalaşgär hasaplanýar.Makgregor 2021-nji ýylyň tomsunda geçen UFC 264-iň garyşyk başa-baş göreş boýunça turnirinde aýagy döwlüp, ABŞ-yň wekili Dastin Porýeden utulany bäri tutluşyga çykmandy.

Getji bolsa özüniň 2022-nji ýylyň 7-nji maýyndaky soňky göreşinde Çarlz Oliweýradan ýeňlipdi.Ozal amerikaly türgen 2022-nji ýylyň ahryna çenli göreşe çykmajakdygyny mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Konor Makgregor täze söweş stilini görkezdi
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi