Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi

Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi

Professional boksuň legendasy Floýd Meýwezer öz toparynyň indiki ýyla meýilleşdirilen Konor Makgregor bilen rewanş barada gepleşikleri geçirýändigini nygtaýar. Bu barada boksçy şu dynç günleri Ýaponiýadaky Rizin 38 turnirinde geçiriljek ýaponiýaly Mikuru Asakura garşy sergi söweşinden öň beren interwýusynda habar berdi. Muny fighttime.ru ýetirýär.

Bar bolan maglumatlara görä, Asakura bilen dokuz minutlyk sergi söweşi üçin Meýwezer 20 mln dollar alar. Ýatlap geçsek, Makgregor bilen Meýwezeriň arasynda bäş ýyl mundan ozal bolan we onunjy raundda irlandiýalynyň möhletinden ir ýeňilmegi bilen tamamlanan boks duşuşygy uly maliýe üstünligine eýe boldy we dört milliondan gowrak tölegli ýaýlym satdy.

Ol bu görkeziji boýunça diňe Floýd Meýwezer bilen Menni Pakýaonyň arasyndaky söweşden öňe geçip bilmedi.

Ýene degişli makalalar

MakGregoryň ýeňlişi Meýwezere uly girdeji gazandyrdy
Pakýao ― Meýwezer tutluşygy dokuz ýyldan soň gaýtalanar
Taryhyň iň baý boksçylarynyň atlary mälim edildi
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Konor Makgregor: Ähli musulman doganlarymyzyň Remezan aýy mübärek bolsun!
Konor Makgregor iň ýokary hak alýan türgenleriň sanawynda birinji orny ýitirdi