Pakýao ― Meýwezer tutluşygy dokuz ýyldan soň gaýtalanar

Pakýao ― Meýwezer tutluşygy dokuz ýyldan soň gaýtalanar

Alty agram derejesinde dünýäniň ozalky çempiony, filippinli Menni Pakýao amerikaly boksçy Floýd Meýwezer bilen boljak ikinji tutluşygy barada habar berdi.

Pakýaonyň aýtmagyna görä, tutluşyk Ýaponiýada geçiriler.

Iki boksçysynyň birinji özara tutluşygy mundan dokuz ýyl ozal ― 2015-nji ýylyň maý aýynda bolupdy. Bu tutluşyk boks dünýäsinde iň kän girdeji getiren tutluşyk hökmünde taryha giripdi. Şol gezek eminleriň gelen karary bilen ýeňiş amerikaly boksça berlipdi.

Meýwezer professional ringde heniz bir gezek hem ýeňlip görenok. Onuň jemi 50 ýeňşi bar.

Ýene degişli makalalar

Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Taryhyň iň baý boksçylarynyň atlary mälim edildi
Horn Pakýaodan üstün çykdy
Pakýao guşagyny gorady
Pakýao WBC we IBF wersiýalary boýunça dünýä çempionyna garşy söweşer
Pakýaonyň 60-njy ýeňşi