Horn Pakýaodan üstün çykdy

Awstraliýanyň Brisben şäherinde geçirilen boks şüweleňinde taryhy tutluşyk boldy. 55 müň tomaşaçynyň şaýatlygynda geçen şüweleňiň dowamynda 8 ugurdan dünýä çempionlygy bolan ýeke-täk boksçy, filippinli Menni Pakýao bilen awstraliýaly Jeff Horn duşuşdy. 12 raundlap dowam eden tutluşykda 2 boksçy hem erjellik görkezdi.

Wagtal-wagtal Pakýao şowly urgular etse-de, duşuşygyň dowamynda has netijeli urgulary geçiren ýer eýesi Horn boldy.Netijede, eminler 29 ýaşyndaky Jeff Hornuň güýçli garşydaşyndan üstün çykandygyny biragyzdan makullap, awstraliýaly türgeni ýeňiji diýip, yglan etdiler (117:111, 115:113, 115:113). Şunlukda, 38 ýaşly Pakýao karýerasy boýunça 7-nji ýola ýeňlişe sezewar boldy.

Ol häzire çenli 39-sy nokaut bilen jemi 59 gezek ýeňiş gazandy. 67 tutluşyk geçiren Pakýaonyň 2 duşuşygy-da deňlikde tamamlandy. Öz dogduk şäherinde dünýä belli boksçyny ýeňendigine buýsanýan Horn şu wagta çenli 18 tutluşygynyň 17-sinde garşydaşlaryndan rüstem geldi. Şol ýeňişleriň 11-sini nokaut bilen gazanan Hornuň 1 duşuşygy-da deňme-deň netijelendi.

Ýene degişli makalalar

Pakýaonyň 60-njy ýeňşi
Pakýao guşagyny gorady
Pakýao WBC we IBF wersiýalary boýunça dünýä çempionyna garşy söweşer
Menni Pakýao Ugasdan ýeňlip, WBA wersiýasy boýunça dünýäniň superçempiony titulyny yzyna alyp bilmedi
Boksçy Menni Pakýao Filippinleriň prezidentligine dalaş etmek kararyna geldi
Taryhyň iň baý boksçylarynyň atlary mälim edildi