Taryhyň iň baý boksçylarynyň atlary mälim edildi

Taryhyň iň baý boksçylarynyň atlary mälim edildi

Manchester Evening News neşiri taryhyň iň baý boksçylarynyň sanawyny hödürledi. Sanawa iň baý on türgen girdi diýip, lenta.ru habar berýär.

Şeýlelikde, iň baý boksçy Floýd Meýwezer boldy.Neşiriň hasaby boýunça, bäş agram kategoriýasynda ozalky dünýä çempionynyň baýlygy 479 mln ýewro barabar.Ikinji orunda agyr agramda öňki absolýut dünýä çempiony Jorj Forman ýerleşdi.

Onuň baýlygy tas 266 mln ýewro bilen bahalandyryldy.Taryhyň iň baý boksçylarynyň üçlügini sekiz agram kategoriýasynda öňki dünýä çempiony Menni Pakýao jemledi.Filippinleriň wekili 195 mln ýewro gazandy.

Dünýäniň iň baý boksçylarynyň onlugyny ukrainaly Wladimir Kliçko jemleýär.Ukrainaly agyr agramly söweşiji tas 70 mln ýewro gazandy.

Ýene degişli makalalar

Pakýao ― Meýwezer tutluşygy dokuz ýyldan soň gaýtalanar
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Guşaklaryny yzyna aldy
Sportuň taryhynda bu hepde
Taryhy duşuşyk üçin özboluşly guşak
Taryhy duşuşyk