Taryhy duşuşyk üçin özboluşly guşak

Amerikaly boksçy Floýd Meýwezer bilen irlandiýaly UFC söweşijisi Konor MakGregoryň arasyndaky tutluşyk 27-nji awgustda, ýagny ertir, Aşgabat wagty bilen 07:00-da başlanar.ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçiriljek bu taryhy duşuşyga Dünýä Boks Guramasy (WBC) özboluşly guşagy sylag hökmünde hödürledi.

Başgaça aýdylanda, bu tutluşyk diňe bir çempionlygyň ýa-da çempionlyk guşagynyň duşuşygy bolman, eýsem ol ykdysady taýdanam türgenleri gurplandyrar.Krokodiliň hamyndan ýasalan bu “pul guşagyna” (money belt) 1,5 kilogram 24 karatlyk altyn, 3360 göwher daşy, 600 sany ýakut hem-de 300 zümerret ýerleşdirilipdir.

Guşagyň maddy gymmat barada habar berilmedi. Ýöne onuň gymmatynyň WBC-niň MeýwezerPakiýao tutluşygynda goýan 1 million dollarlyk guşagyndan has ýokarydygy bellenilýär. Şu wagta çenli geçiren 49 duşuşygynyň hiç birinde-de asgyn gelmedik Meýwezer tutluşygyň esasy faworiti diýlip görkezilýär.

Ýene degişli makalalar

Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
MakGregoryň ýeňlişi Meýwezere uly girdeji gazandyrdy
Taryhy duşuşyk
Sportuň taryhynda şu gün 27-nji awgust
Pakýao ― Meýwezer tutluşygy dokuz ýyldan soň gaýtalanar
Meýwezer boks boýunça görkezme söweşinde MMA-nyň ýaponiýaly wekilini nokaut bilen ýeňdi