Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri

Günsaýyn senagatlaşýan sport äleminiň ekonomikasy yzygiderli ýokarlanýar.Sport äleminde türgenleriň gazanýan pul mukdarlary ýylsaýyn artýar we täze-täze milliarderler ýüze çykýar.Dünýä belli “Forbes” žurnalynyň habar bermegine görä, geçen 2018-nji ýylyň iň köp pul gazanan türgeni amerikaly boksçy Floýd Meýwezer bolup, ol 285 million dollar gazandy. 23-nji orunlary futbolyň iki super ýyldyzy Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldo eýeledi.

Argentinaly oýunçy 111, mundan öňki 2 ýylyň birinjisi, portugaliýaly futbolçy Ronaldo 108 million dollar gazanmagy başardy.Söweş sungatlarynyň öňdebaryjylaryndan irlandiýaly Konor MakGregor hem 99 million dollar bilen 4-nji orna mynasyp boldy. 90 million dollar bilen braziliýaly futbolçy Neýmaryň 5-nji bolan sanawynda 85,5 million dollar gazanç eden amerikaly basketbolçy LeBron Jeýms 6-njy ýeri eýeledi. 77,2 million dollarlyk gazanjy bilen şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer 7-nji, amerikaly basketbolçy Stefan Körri 8-nji (76,9 million $) bolup sanawa goşuldy.

Amerikan futboly sportunyň görnükli wekilleri Mett Raýan (67,3 million. $) bilen Mettýuw Stafford (59,5 million $) ilkinji 10-lygy jemleýän türgenler boldy.

40-sy basketbolçyGeçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri sanawyndaky ilkinji 100 türgeniň 40-synyň Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-nyň ýyldyzlarydygy aýratyn bellärliklidir.Sanawda amerikan futboly sportunyň oýunçylaryndan hem 18-siniň adyna duş gelinýär. Şeýle-de 14 beýsbolçy, 9 futbolçy sanawa giripdir.

Ilkinji 100-likde tennisçidir boksçularyň 4-si, awtomobil sportlarynyň sürüjileriniň 3-si, ýeňil atletikadan, söweş sungatlaryndan we kriket sportlaryndan 1 türgen bar.

6-njy milliarder türgenGalyberse-de, geçen ýylky gazanjyndan soň, Floýd Meýwezeriň umumylykdaky girdejisi 1 milliard dollara ýetdi. Şu wagta çenli ýeke tutluşygynda-da ýeňlip görmedik boksçy Floýd Meýwezer basketbolçy Maýkl Jordan, golfçular Taýger Wuds, Arnold Palmer, Jek Niklaus (hemmesi-de amerikaly) hem-de F1 sürüjisi Mihael Şumaherden (Germaniýa) soň, girdejisini 1 milliard dollardan geçiren 6-njy türgen boldy.

Häzirki wagtda dünýä belli basketbolçy, ady rowaýata öwrülen Jordan 1,85 milliard dollarlyk gazanjy bilen ähli zamanalaryň iň köp köp pul gazanan türgenidir. 15 ýyllyk karýerasynda 6 gezek NBA-nyň çempiony bolan Jordan karýerasy boýunça 93 million dollar gazandy.

Onuň girdejisiniň hemmesi diýen ýaly söwda we mahabatlardan geldi.

Ýene degişli makalalar

Sportico neşiri Maýkl Jordany taryhyň iň baý türgeni diýip yglan etdi
Ýagşymyradow Bellator 292-de Englikasy ýeňdi, Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenler üçin 3 milliondan gowrak türk lirasy ýygnaldy, Si Szinpin Hytaýyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy we beýleki habarlar
Angliýanyň EURO 2020-de çykyş etjek düzümi belli boldy
MakGregoryň ýeňlişi Meýwezere uly girdeji gazandyrdy
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Mankimen: Dew Patel ar alyjy baradaky söweşli film bilen ilkinji gezek režissýorlyk edýär