Angliýanyň EURO 2020-de çykyş etjek düzümi belli boldy

EURO 2020-de çempionlygyň dalaşgärlerinden Angliýanyň ýygyndysynyň giňeldilen düzümi mälim edildi. Tälimçi Garet Sautgeýt ýygynda 33 futbolçyny çagyrdy. Olaryň 7-si 1-nji iýundan öň düzümden çykarylar. Düzümde Wolker, Maguaýr, Aleksander-Arnold, Henderson, Maunt, Foden, Sterling, Keýn, Reşford, Sanço ýaly ýyldyz oýunçylar bar. Bellingam, Grinwud ýaly 2000-nji ýyldan soň doglan ýaş futbolçylar hem düzüme çagyryldy.

DERWEZEÇILER: Jordan Pikford, Din Henderson, Sem Jonstoun, Aaron Remsdeýl

GORAGÇYLAR: Kaýl Wolker, Jon Stones, Harri Maguaýr, Kieran Trippier, Ben Çilwell, Trent Aleksander-Arnold, Lýuk Şow, Taýron Mings, Ris Jeýms, Konor Koadi, Ben Godfri, Ben Waýt

ÝARYMGORAGÇYLAR: Jordan Henderson, Jessi Lingard, Meýson Maunt, Deklan Raýs, Kalwin Fillips, Fil Foden, Jeýms Ward-Prowz, Jek Griliş, Bukaýa Sako, Jud Bellingam

HÜJÜMÇILER: Rahim Sterling, Harri Keýn, Markus Reşford, Jeýdon Sanço, Dominik Kalwert-Lýuwin, Meýson Grinwud, Olli Watkins

Ýene degişli makalalar

Geçen möwsümiň iň gowy 25 futbolçysy, iň gowusy ...
“Forsaž” filmleri 11-nji kinodan soň tamamlanar
Super kuboklaryň eýeleri
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri)
Messiniň 35-nji het-trigi
Italýan hem rus toparlary tapgyry ýeňişsiz tamamladylar, iňlis klublary uly hasaply ýeňiş gazandylar