Italýan hem rus toparlary tapgyry ýeňişsiz tamamladylar, iňlis klublary uly hasaply ýeňiş gazandylar

Italýan hem rus toparlary tapgyry ýeňişsiz tamamladylar, iňlis klublary uly hasaply ýeňiş gazandylar

UEFA Çempionlar ligasynda düýnki oýnalan 8 duşuşykda 22 gol hasaba alyndy. “E” toparçada “Çelsi” myhmançylykda “Krasnodardan” Hodson-Odoiniň (37), Werneriň (76 p), Ziýeşiň (79) hem-de Pulişiçiň (90) gollary bilen 4-0 üstün çykdy. “Sewilýa” bolsa öz meýdançasynda “Renn” toparyny 1-0 utdy (Luuk de Ýong 55). “F” toparçada “Borussiýa Dortmund” öz meýdançasynda “Zeniti” Sanço (78 p) we Hollannyň (90+1) gollary bilen 2-0 utdy. “Zenit” 2018-nji ýyldan soň, ilkinji gezek yzly-yzyna 3 duşuşykda utuldy. “Lasio” öňe saýlanan oýnunda “Klub Brýugge” bilen 1-1 deňme-deň oýnady.

Tapgyryň merkezi duşuşygynda “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Barselonadan” 2-0 ýeňildi. 11-nji duşuşykda 5-nji gezek “Ýuwentusy” ýeňmegi başaran “Barselonanyň” gollaryny Dembele (bilen penaltiden Messi geçirdi.Bu duşuşykda 1-nji goluň pasyny beren Messiniň Çempionlar ligasyndaky asistleriniň sany 35-e ýetdi.

Bu ugurda ondan öňde diňe 38 asist bilen Kristiano Ronaldo bar. Şeýle-de Lionel Messiniň toparçalarda geçiren gollary-da 70-e ýetdi.

1-nji ýarymda 2 gol geçiren “Dinamo Kiýew” oýnuň soňuna çenli bu üstünligini saklap bilmedi. Wenger topary Ferenswaroşyň oýunçylary soňky minutda hasaby deňläp, ilkinji utugyny gazandy.

“H” toparçada “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Leipsigi” 5-0 utdy. Duşuşykda oýna soň goşulan Markus Reşford het-trik etdi. Ol bu ýaryşda het-trik eden 6-njy “ýunaýtedli” futbolçy boldy.

Neýmaryň şikes alan duşuşygynda PSŽ myhmançylykda “Istanbul Başakşehir” täze transferi Moýza Kiniň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňdi.

Şunlukda, 2-nji duşuşyklarda 4 topar bilen gatnaşýan Italiýanyň ýeke kluby hem ýeňiş gazanmady (3 deňlik, 1 ýeňliş). 3 klubly ýurtlardan ýeke rus toparyna-da ýeňiş gazanmak başartmady. 4 topar bilen wekilçilik edýän iňlis klublarynyň ählisi-de 2-nji tapgyrda uly hasaply ýeňişler gazandylar. 3 topary ýeňiş gazanan ispanlaryň 1 kluby deňme-deň oýnady.

Toparçalardaky 3-nji oýunlar geljek hepdäniň sişenbe we çarşenbe agşamlarynda, ýagny 3-4-nji noýabrda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar
Bawariýa, Mançester Siti, Çelsi, Sewilýa, Barselona, Ýuwentus 1/8 finala çykdy
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar
Messiniň täze rekordlary, Luçesku iň ýaşuly tälimçi
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri)
Ronaldu nirä we näme üçin gitmek isleýär?!