Messiniň täze rekordlary, Luçesku iň ýaşuly tälimçi

UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklaryna

düýn badalga berildi. Täze möwsümiň ilkinji goluny “G” toparçada 46-njy

minutda Ýuwentusyň ispaniýaly hüjümçisi Alwara Morata Dinamo Kiýewiň derwezesinden girizdi. Ol 84-nji

minutda-da tapawutlanyp, toparynyň 2-0 ýeňiş gazanmagyna uly goşant goşdy.

Dinamo Kiýewiň rumyniýaly tälimçisi Mirçea Luçesku Çempionlar ligasynyň iň ýaşuly tälimçisi boldy. 75 ýaşly

hünärmen bu ugurda germaniýaly Ýupp Haýnkessiň (72 ýaş) rekordyny täzeledi. Şeýle-de Ýuwentusyň tälimçisi Andrea Pirlo hem Çempionlar ligasyndaky tälimçi hökmünde ilkinji duşuşygyny

özüniň ilkinji tälimçisi, 1996-njy ýylda 15 ýaşyndaka Breşiýanyň esasy düzüminde oýnadan Luçeskunyň garşysyna geçirendigi aýratyn bellärliklidir.

Toparçanyň beýleki duşuşygynda Barselona topary

25 ýyldan soň, bu ýaryşa gatnaşan wenger kluby Ferenswaroşy 5-1 ýeňdi. Oýunda Barselonanyň ilkinji goluny geçiren Lionel Messi Çempionlar ligasynda bassyr 16-njy möwsümde-de

tapawutlanyp, bu ugurda Raýan Giggsiň rekordyny gaýtalady. Şeýle-de Lionel Messi Çempionlar ligasynyň çäginde 36-njy toparyň derwezesinden gol geçirip, bu

ugurda öz rekordyny ösdürdi. Galyberse-de bu gol Lionel Messiniň toparçalardaky 69-njy goly bolup, ol iň ýokary

görkezijidir.

“E” toparçadaky 2

duşuşyk hem deňlikde gutaryp, Çelsi-Sewilýa oýnunda hasap açylmady. Liganyň 2 debýutanty Renn bilen Krasnodaryň arasyndaky oýun hem 1-1 hasabynda

tamamlandy.

“F” toparçada milli

çempionata şowsuz başlan Lasio öz

meýdançasynda Borussiýa

Dortmunddan 3-1

üstün çykdy. Immobile

(6), Hits (23 ö.d.), Akpa Akpronyň (76) gollary bilen ýeňiş

gazanan Lasionyň derwezesinden ýeke-täk pökgini

71-nji minutda norwegiýaly hüjümçi Hollann girizdi. Bu onuň Çempionlar ligasyndaky 9-njy oýnunda 11-nji goludyr. Zenit

bolsa öz meýdançasynda garaşylmadyk ýagdaýda Klub Brýuggeden 2-1 asgyn geldi.

“H” toparçada Mançester Ýunaýted topary PSŽ-ni

myhmançylykda ýene bir ýolsa soňky minutlarda geçiren goly bilen 2-1 hasabynda

ýeňmegi başardy. Duşuşykdaky 3 goly-da ýunaýtedli futbolçylar geçirdi. 23-nji minutda penaltiden Fernandeş hasaby açdy. 55-nji minutda Marsial ýalňyşlyk bilen topy öz derwezesinden

geçireninden soň, hasap deňlendi. Oýnuň tamamlanmagyna 3 minut galanda-da Reşford mankunianlara ýeňiş getirdi. Toparçadaky beýleki duşuşykda Leipsig öz meýdançasynda Anjelinýonyň gollary bilen liganyň debýutanty Istanbul BŞ toparyny 2-0 utdy.

Çempionlar ligasynda şu gün “A”, “B”, “C”

hem-de “D” toparçalaryndaky ilkinji duşuşyklar oýnalar.

“E”: Çelsi Sewilýa: 0-0

“E”: Renn Krasnodar: 1-1 (Žirassi 56 p Ramires 59)

“F”: Lasio Borussiýa D: 3-1 (Immobile 6, Hits 23 ö.d., Akpa Akpro 76 Hollann 71)

“F”: Zenit Klub Brýugge: 1-2 (Horwat 74 ö.d. Dennis 63, De

Ketelaere 90+3)

“G”: Dinamo K Ýuwentus: 0-2 (Morata 46, 84)

“G”: Barselona Ferenswaroş: 5-1 (Messi 27 p, Fati 42, Koutinio 52, Pedri 82, Dembele 89 Haratin 70 p)

“H”: PSŽ M. Ýunaýted: 1-2 (Marsial 55 ö.d. Fernandeş 23 p, Reşford 87)

“H” Leipsig Istanbul BŞ: 2-0 (Anjelinýo 16, 20)

Ýene degişli makalalar

Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar
Bawariýa, Mançester Siti, Çelsi, Sewilýa, Barselona, Ýuwentus 1/8 finala çykdy
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar