Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar

UEFA Çempionlar ligasynda toparçalardaky 2-nji

duşuşyklarda 45 gol geçirildi. 1 oýun golsuz tamamlanyp, jemi 5 duşuşyk deňlikde gutardy. 7 oýunda

ýer eýeleri, 5 duşuşykda-da myhmanlar üstün

çykdy. 4 topar bilen wekilçilik edýän

ýurtlardan Angliýanyň ähli kluby-da bu tapgyrda uly hasaply ýeňiş gazandy. Olar

1-nji tapgyry-da ýeňlişsiz tamamlapdylar (3

ýeňiş, 1 deňlik).

Ispanlaryň 3 kluby ýeňiş gazanyp, birisi

deňme-deň oýnady. Nemes toparlary bolsa, 2 ýeňiş,

1 deňlik hem-de 1 ýeňliş bilen tapgyry tamamladylar. 1-nji tapgyrda 3 ýeňiş

gazanan italýan toparlary 2-nji tapgyrda ýeňiş

gazanyp bilmediler. Olaryň 3 topary deňme-deň

oýnap, ýurduň çempiony “Ýuwentus” bolsa, ýeňlişe sezewar boldy. 3 klub bilen gatnaşýan fransuzlarda 1 ýeňiş bar bolsa, ruslaryň 3 topary-da

garşydaşlaryndan asgyn geldi.

“Real Madride” ýeňiş gazanmak ýene-de başartmady

“A” toparçada “Bawariýa” myhmançylykda “Lokomotiw” 21 hasabynda ýeňip, ýaryşdaky bassyr 12-nji ýeňşini gazandy. “B” toparçada kubogy iň köp eýelän “Real Madrid” bu tapgyrda-da ýeňiş gazanyp bilmedi. “Borussiýa M” topary bilen

duşuşan ispanlar soňky 5 minutda 2 gol geçirip ýeňlişden halas boldular. Şeýle wakany “Real Madrid” 8-nji gezek başdan geçirýär. Toparyň fransuz hüjümçisi Karim Benzemanyň şu ýaryşyň

çäginde gol geçiren klublarynyň sany 30-a ýetip, ol bu babatda

Messidir Ronaldo we

Rauldan soň 4-nji ýerde barýar. “C” toparçada

çempionlygyň dalaşgärlerinden “Mançester Siti” bu

tapgyrda-da 3 utugy 3 golly ýeňiş bilen gazandy. “Marseli” 30 hasabynda ýeňen Guardiolanyň

şägirtleri 6 utuk

toplady.

10000-nji gol

“D” toparçada “Liwerpul” 2-nji ýeňşini gazandy.

Öz meýdançasynda liganyň täze toparlaryndan “Midtýullanny” Žota we Salahyň gollary bilen 2-0 ýeňen “Liwerpul” säwliksiz barýar. Portugaliýaly Diogo Žotanyň geçiren

pökgüsi “Liwerpulyň” taryhyndaky (resmi duşuşyklarda) 10000-nji gol hökmünde hasaba alyndy. “Atalanta” bilen “Aýaksyň”

arasyndaky oýunda myhmanlar 2-0 öňe saýlansa-da, italýan toparynyň kolumbiýaly hüjümçisi Duwan Zapata 2-nji ýarymda 2

gol geçirip, Atalantany

ýeňlişden halas etdi. “E” toparçada Çelsi myhmançylykda

Krasnodardan 4-0

üstün çykdy. “Sewilýa” klubuna öz mýedançasynda “Renn” toparyny utmak üçin De Ýonguň

ýeke-täk goly ýeterlik boldy. “F” toparçada Dortmundyň “Borussiýasy” “Zeniti” Sanço we Hollannyň gollary bilen 20 hasabynda ýeňip, şu

möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy.

“G” toparçada tapgyryň

merkezi oýnunda “Ýuwentus” bilen “Barselona” duşuşdy. Ronaldosyz meýdança çykan “Ýuwentus” güýçli garşydaşyndan 2-0 asgyn geldi. Katalonlara ýeňiş getiren gollary Dembele

(14) bilen Lionel Messi (90+1) derwezä girizdi.

Oýunda 1 oýunçysy (Merih Demiral) gyzyl kart

alan “Ýuwentusyň”

ispaniýaly hüjümçisi Alwara Moratanyň geçiren 3 goly oýundan

daşardaky ýagdaýda bolany sebäpli hasaba alynmady. Myhmançylykda “Ferenswaroş” bilen duşuşan Kiýewiň “Dinamosy” 2-0 öňe saýlansa-da,

üstünligini saklap bilmedi. Ýer eýeleriniň soňky minutlarda hasaby

deňlemeginden soň, myhmanlar 1 utuk bilen

oňňut etmeli boldular.

“H” toparçada “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Leipsigiň” derwezesinden jogapsyz 5 pökgi girizdi.

Gollaryň 3-sini 63-nji minutda oýna giren Markus

Reşford öz adyna ýazdyrdy. Ol bu ýaryşda het-trik eden 6-njy “ýunaýtedli” futbolçy boldy. PSŽ bolsa myhmançylykda “Istanbul

Başakşehirden” Moýza

Kiniň gollary bilen 2-1 üstün çykdy.

Toparçalardaky 3-nji duşuşyklar geljek

hepdäniň 2-3-nji

günleri, has takygy, 3-4-nji noýabrda oýnalar. Şeýlelikde, taryhda ilkinji gezek

Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda 3 duşuşyk

yzly-yzyna oýnaldygy bolar.

“A”: “Lokomotiw”“Bawariýa”: 1-2 (Mirançuk 70

Goreska 13, Kimmih 79)

“A”: “Atletiko”“RB Salsburg”: 3-2 (Llorente 29,

Žoao Feliks 52, 85 Soboslai 40, Felipe 47 ö.d.)

“B”: “Borussiýa M”“Real Madrid”: 2-2 (Turam 33,

58 Benzema 87, Kasemiro 90+3)

“B”: “Şahtýor Donesk”“Inter”: 0-0

“C”:

“Porto”“Olimpiakos”: 2-0 (Wieira 11, Oliweira 85)

“C”: “Marsel”“Man.

Siti”: 0-3 (Torres 18, Gündogan 76, Sterling 81)

“D”: “Liwerpul”“Midtýullann”: 2-0 (Žota 55, Salah

90+3 p)

“D”: “Atalanta”“Aýaks”: 2-2 (Zapata 54, 60

Tadiç 30 p, Traore 38)

“E”: “Krasnodar”“Çelsi”: 0-4 (Hudson-Odoi 37,

Werner 76 p, Ziýeş 79, Pulişiç 90)

“E”: “Sewilýa”“Renn”: 1-0 (Luuk de Ýong 55)

“F”: “Borussiýa D”“Zenit”: 2-0 (Sanço 78 p,

Hollann 90+1)

“F”: “Klub Brýugge”“Lasio”: 1-1 (Wanaken 42 p

Korrea 14)

“G”: “Ýuwentus”“Barselona”: 0-2 (Dembele 14,

Messi 90+1 p)

“G”: “Ferenswaroş”“Dinamo K”: 2-2 (Nguen 59, Boli

90 Sygankow 28 p, De Pena 41)

“H”: “Istanbul BŞ”PSŽ: 0-2 (Moýza Kin 64, 79)

“H”: “Man. Ýunaýted”“Leipsig”: 5-0 (Grinwud 21,

Reşford 74, 78, 90+2, Marsial 87 p)

Ýene degişli makalalar

“Golden Boy” baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi
Messiniň 35-nji het-trigi
Italýan hem rus toparlary tapgyry ýeňişsiz tamamladylar, iňlis klublary uly hasaply ýeňiş gazandylar
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi
Messiniň täze rekordlary, Luçesku iň ýaşuly tälimçi
Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi