Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi

EURO 2020-niň esasy dalaşgärlerinden, Dünýä Kubogynyň häzirki çempiony Fransiýanyň milli ýygyndysynyň gutarnykly düzümi toparyň tälimçisi Didie Deşam tarapyndan mälim edildi.Topardaky iň uly täzelik 2015-nji ýyldan bäri bolup geçen haýýarlyk wakasyndan soň, ýygynda alynmaýan “Real Madridiň” ýyldyz hüjümçisi Karim Benzema hem düzüme goşuldy.

Deşam “Realyň” çep gyraky goragçysy Ferlan Mendini şikesli bolany üçin, şol sanda “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Antoni Marsialy düzüme almady.Tälimçi “Milanda” şowly çykyş eden Teo Hernandesi, “Mançester Sitide” üstünlik oýun görkezýän Aýmerik Laporteni bu gezek hem çagyrmady.

DERWEZEÇILER: Hugo Lloris, Stiw Mandanda, Maýk Maýnan

GORAGÇYLAR: Rafael Waran, Luka Din, Benžamin Pawar, Lukas Hernandes, Presnel Kimpembe, Klemen Lengle, Kurt Zuma, Leo Dubo, Žul Kunde

ÝARYMGORAGÇYLAR: Pol Pogba, Mussa Sissoko, N’Golo Kante, Tomas Lemar, Korentin Tolisso, Adrien Rabio

HÜJÜMÇILER: Oliwie Žiru, Antuan Grizmann, Karim Benzema, Kilian Mbappe, Kingsli Koman, Usman Dembele, Wissam Ben Ýedder, Markus Turam

Ýene degişli makalalar

Fransiýanyň esasy iki ýyldyzynyň biri şikesi sebäpli düzümden çykaryldy
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Marokkolylary fransuzlar duruzdy
7-nji gezek çärýek finaldan gaýtdy, çempion ýarym finalda