“Golden Boy” baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi

“Golden Boy” baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi

Italiýanyň meşhur sport gazeti “Tuttosport” tarapyndan berilýän “Golden Boy” (“Altyn oglan”) baýragynyň bu ýylky ýeňijisi belli boldy.Final sanawyna alnan Jeýdon Sanço, Winisius Junior, Ansu Fati ýaly oýunçylardan tapawutlanan “Borussiýa Dortmundyň” norwegiýaly hüjümçisi, 20 ýaşyndaky Erling Holland şu ýylyň “Golden Boy” baýragyna laýyk görüldi.

Baýragy geçen ýyl “Atletiko Madridiň” portugaliýaly ýyldyzy Žoau Feliks alypdy. 2003-nji ýyldan bäri gowşurylýan bu baýragy degişlilikde, Wan der Waart, Weýn Runi, Lionel Messi, Sesk Fabregas, Serhio Aguero, Anderson, Aleşandro Pato, Mario Balotelli, Mario Gýotse, Isko, Pol Pogba, Rahim Sterling, Entoni Marsial, Renato Sançes, Kilian Mbappe, Mattiýs de Ligt, Žoau Feliks dagy almagy başardy.

Baýrak 21 ýaşdan kiçi we Ýewropanyň çempionatlarynda çykyş edýän futbolçylara berilýär.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyz futbolçylaryň meşhur menejeri aradan çykdy
Messiniň 35-nji het-trigi
Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar
21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçylaryň ýygyndysy tanyşdyryldy
"Forbes" žurnaly 21 ýaşa çenli iň gymmat futbolçyny mälim etdi
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar