Ýyldyz futbolçylaryň meşhur menejeri aradan çykdy

Zlatan Ibrahimowiç, Pol Pogba, Janluiji Donarrumma, Erling Holann ýaly meşhur futbolçylaryň belli menejeri Mini Raiola aradan çykdy. 54 ýaşyndaky meşhur menejeriň ýarawsyzlygy bardy.Asly italiýaly bolan niderland menejer ady agzalan futbolçylardan başga-da Genrih Mhitarýan, Marko Werratti, Mattiýs de Ligt, Mario Balotelli we başga-da birnäçe futbolçynyň menejerligini edýärdi.

Ol ýanwar aýynda Milan şäherinde gyssagly ýagdaýda keselhana getirilipdi.Bu habar onuň ýakynlary tarapyndan makullanmandy. Şol wagt onuň hassahana gyssagly däl, adaty barlaglar üçin gelendigi aýdylypdy.

Raiolanyň aradan çykandygy baradaky habarlar 3 gün hem habar berlipdi. Ýöne meşhur menejeriň kömekçisi bu habarlaryň dogry däldigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

“Golden Boy” baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi
Niderlandlaryň düzümi mälim edildi, Wan Deýk çagyrylmady
FIFA-da ýylyň iň gowulary
Şikesli oýunçylarynyň sany 7-ä ýetdi
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi