FIFA-da ýylyň iň gowulary

Dünýä futbolynyň hojaýyny FIFA ýylyň tapawutlananlaryna gowşurýan “The Best FIFA Awards” baýraklarynyň dalaşgärlerini mälim etdi. Şoňa görä, dünýäde ýylyň iň gowy erkek futbolçysy baýragyna Kristiano Ronaldo (Portugaliýa, “Ýuwentus”), Edin Hazar (Belgiýa, “Çelsi”/“Real Madrid”), Mohamed Salah (Müsür, “Liwerpul”), Lionel Messi (Argentina, “Barselona”), Sadio Mane (Senegal, “Liwerpul”), Wirgil Wan Deýk (Gollandiýa, “Liwerpul”), Kilian Mbappe (Fransiýa, PSŽ), Harri Keýn (Angliýa, “Tottenham”), Frenki De Ýong (Gollandiýa, “Aýaks”/“Barselona”) hem-de Mattiýs De Ligt (Gollandiýa, “Aýaks”/“Ýuwentus”) dalaşgär görkezildi.

Iň gowy zenan futbolçy baýragyna bolsa, Lusi Bronz (Angliýa, “Lion”), Juli Erts (ABŞ, “Çikago Red Stars”), Karolin Grem Hansen (Norwegiýa, “Wolfsburg”/“Barselona”), Ada Hegerberg (Norwegiýa, “Lion”), Amandin Anri (Fransiýa, “Lion”), Sem Kerr (Awstraliýa, “Çikago Red Stars”/“Pert Glori”), Rouz Lawel (ABŞ, “Waşington Spirit”), Wiwianne Miedema (Gollandiýa, “Arsenal”), Aleks Morgan (ABŞ, “Orlando Praýd”), Megan Rapinou (ABŞ, “Reýn FK”), Wendi Renar (Fransiýa, “Lion”) hem-de Ellen Waýt (Angliýa, “Birmingem”, “M.

Siti”) dagy dalaşgärlige hödürlendi.Ýylyň iň gowy tälimçileri baýragy ugrunda bolsa, erkekleriň arasynda Ýurgen Klopp (“Liwerpul”), Didie Deşam (Fransiýa), Džamel Belmadi (Alžir), Marselo Galýardo (“Riwer Pleýt”), Rikardo Gareka (Peru), Pep Guardiola (“Mançester Siti”), Maurisio Poçettino (“Tottenham”), Fernando Santoş (Portugaliýa), Erik ten Hag (“Aýaks”), Tite (Braziliýa) dagy bäsleşer.

Zenan futbolynyň tälimçilerinden Milena Bertolini (Italiýa), Jill Ellis (ABŞ), Peter Gerhardssen (Şwesiýa), Futoşi Ikeda (Ýaponiýa U-20), Antonia Is (Ispaniýa U-17), Jou Mentemurro (“Arsenal”), Fil Newill (Angliýa), Reýnald Pedros (“Lion”), Pol Rili (“Nort Karolaýna Kourej”), Sarina Wiegman (Gollandiýa) haýsy hem bolsa biri, ýylyň iň gowusy diýlip saýlanar.“The Best FIFA” futbol baýraklarynyň ýeňijileri milli ýygyndylaryň tälimçileridir kapitanlarynyň, käbir žurnalistleriň hem-de janköýerleriň ses bermegi esasynda saýlanar.

Geçen ýyl erkekleriň arasynda Luka Modriçiň alan bu baýragyny şu ýyl kimiň aljakdygy eýýämden uly gyzyklanma döredýär. Ýeňijiler şu ýylyň sentýabr aýynyň 23-ine Italiýanyň Milan şäherinde geçiriljek dabarada mälim ediler.

Ýene degişli makalalar

Tuhel ýylyň iň gowy tälimçisi boldy
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
Liwerpul UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna ýakynlaşdy
“Mançester Siti” ilkinji gezek finalda, Guardiola 7-nji tälimçi
Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek