"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi

"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi

Ýekşenbe güni Dubaýda (BAE) Globe Soccer Awards baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Onda ýylyň iň gowy futbolçysy we iň gowy tälimçisi, iň gowy kluby, şeýle hem "asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" ugurlary boýunça ýeňijiler yglan edildi. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.

“Bawariýanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski we baş tälimçisi Hans-Diter Flik, degişlilikde, ýylyň iň gowy futbolçysy we tälimçisi hökmünde Globe Soccer Awards baýraklaryna mynasyp boldular. "Iň oňat oýunçy" ugry boýunça baýraga dalaş edenleriň gysga sanawyna "Ýuwentusyň" hüjümçisi Kriştianu Ronaldu we "Barselonanyň" hüjümçisi Lionel Messi hem girdi. Şeýle hem Ýurgen Klopp ("Liwerpul") we Janpiero Gasperini ("Atalanta") ýylyň iň gowy tälimçisi diýen ada dalaş etdiler. "Bawariýa" ýylyň iň gowy kluby diýlip saýlandy.

Lewandowski geçen möwsüm "Bawariýanyň" düzüminde ähli ýaryşlarda 47 oýun oýnap, 55 pökgi geçirdi, Germaniýanyň çempionatynda iň köp pökgi geçiren oýunçy boldy (34 gol).Flik topary çempionatda we Germaniýanyň kubogynda, şeýle hem Çempionlar ligasynda ýeňişlere ýetirdi.

Ondan öň Lewandowski we Flik Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) tarapyndan öz ugurlarynda iň gowulary diýlip ykrar edilipdi.Iň gowy “asyryň oýunçysy” (2001-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli) Ronaldu, “asyryň tälimçisi” öň “Barselona” bilen “Bawariýa” tälimçilik eden Hosep Guardiola (“Mançester Siti”), “asyryň agenti” - Žorže Mendeş diýlip ykrar edildi. “Asyryň kluby” - Madridiň "Realy" boldy.

Ýene degişli makalalar

16 ýyldan soň gazanylan 8-nji kubok
11-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi mälim edildi
Angliýada ýylyň tälimçisi ― Ýurgen Klopp!
Hepdede 350 müň funt sterling hak alar
Liwerpul müsürli hüjümçi Salah bilen şertnamasyny uzaltdy