2021-nji ýyla geçip, ne ýeňiş, ne-de gol

Angliýanyň “Premier Ligasynda” geçen möwsümi 30 ýyldan soň taryhy çempionlyk bilen tamamlan “Liwerpul” bu möwsümde altyn medaldan kem-kem daşlaşýar. 2021-nji ýyla geçip, yzygiderli ýeňiş gazanmakda, hatda gol geçirmekde-de kynçylyk çekýän Ýurgen Kloppuň şägirtleri 22-nji tapgyrda öz meýdançasynda “Braýtondan” 1-0 asgyn geldi. “Tottenham” toparyndan soň “Liwerpuly” hem iň kiçi hasap bilen ýeňmegi başaran “Braýton” klubuna ýeňiş getiren goly 56-njy minutda Alzate derwezä girizdi.

Bu ýeňliş “Liwerpulyň” öz meýdançasyndaky yzly-yzyna 2-nji ýeňlişi bolup, topar 19-njy tapgyrda “Býornliden” hem şol hasap bilen ýeňlipdi. “Liwerpula” “Enfildde” eýýäm 4 oýundan bäri ýeňiş gazanmak, 3 duşuşykdan bäri-de gol geçirtmek hem başardanok. Ýagny “Liwerpul” 2021-nji ýyla geçip, öz meýdançasynda oýnan 3 duşuşygynda ne ýeňiş gazandy, ne-de gol geçirdi.

The post 2021-nji ýyla geçip, ne ýeňiş, ne-de gol appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Liwerpul” 4-nji orna geçdi, UÇL-e gatnaşmak ugrunda ýiti göreş dowam edýär
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
11-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Liwerpul” ýaponiýaly ýarymgoragçyny transfer etdi
Liwerpul Çempionlar ligasyndaky rekordyny täzeledi
“Liwerpul” 10-njy gezek finalda çykyş eder