Gurban Berdiýew dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawynda 27-nji ýerde

Gurban Berdiýew dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawynda 27-nji ýerde

Clubelo analitik saýty dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawyny düzdi. Reýting amerikan fizigi Arpad Elo tarapyndan işlenip düzülen Elo reýting algoritmine esaslanýar. Sanawa soňky 4 ýylda işlän ähli tälimçiler girdi. Bu barada sport-express.ru habar berýär.

Reýtingde birinji orny “Mançester Sitiniň” baş tälimçisi Hosep Gwardiola (2173 bal) eýeleýär.Ikinji orunda “Atletikodan” Diego Simeone (2070), üçünji orunda “Tottenhemden” Žoze Mourinýu (2068).Ilkinji bäşlige “Liwerpulyň” tälimçisi nemes hünärmeni Ýurgen Klopp we “RB Leýpsig” bilen işlän watandaşy Ralf Rangnik girdi.

Sanawdan Gurban Berdiýew (27-nji orun, 1858) we Ýuriý Sýomin (37-nji orun, 1837) hem orun aldy.Berdiýewiň soňky iş ýeri “Rubindi”, hünärmen 2019-njy ýylyň iýun aýynda topardan gitdi. “Zenitiň” baş tälimçisi Sergeý Semak 108-nji orny eýeledi (1693), “Spartakdan” Domeniko Tedesko 165-nji orunda (1634), “Rubinden” Leonid Sluskiý 190-njy orunda (1617), SSKA-dan Wiktor Gonçarenko 218-nji orunda (1593).

Ýene degişli makalalar

IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi
"Liwerpul" öz meýdançasynda 68 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi
2021-nji ýyla geçip, ne ýeňiş, ne-de gol