"Liwerpul" öz meýdançasynda 68 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi

"Liwerpul" öz meýdançasynda 68 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi

“Liwerpul” Angliýanyň futbol çempionatynyň 18-nji tapgyrynda öz meýdançasynda “Börnliden” utuldy. Duşuşyk 0:1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Oýunda ýeke-täk pökgini jerime urgusyndan 83-nji minutda Eşli Barns geçirdi. Şu duşuşyga çenli “Liwerpul” çempionatda öz meýdançasynda bassyr 68 oýun bäri utulman gelýärdi.Topar soňky gezek 2017-nji ýylyň aprelinde "Enfild" stadionynda “Kristal Pelas”-dan 1:2 hasabynda ýeňlipdi. “Liwerpulyň” çempionatyň häzirki möwsüminde ýeňişsiz oýunlarynyň seriýasy bäş oýna (2 ýeňiş, 3 deňlik) ýetdi, topar 34 utuk bilen ýaryşyň sanawynda dördünji orunda barýar. “Börnli” 19 utuk toplap, 16-njy ýere çykdy.

Indiki tapgyrda Ýurgen Kloppyň şägirtleri 28-nji ýanwarda “Tottenhem” bilen duşuşar.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Liwerpul” 10-njy gezek finalda çykyş eder
Iki oýunda 9-0 we 129 ýylyň iň ýaramaz netijesi