“Liwerpul” 4-nji orna geçdi, UÇL-e gatnaşmak ugrunda ýiti göreş dowam edýär

Angliýanyň çempionatynda 37-nji tapgyryň çäklerinde geçen möwsümiň çempiony “Liwerpul” myhmançylykda “Býornlini” 3-0 hasabynda ýeňdi. Ýurgen Kloppuň şägirtlerine ýeňiş getiren gollary 43-nji minutda Robert Firmino, 52-nji minutda Nat Fillips, 88-nji minutda-da Aleks Oksleýd-Çemberleýn derwezä girizdi.

Bu ýeňişden soň utugyny 66-a çykaran “Liwerpul” 4-nji orna çykyp, Çempionlar ligasyna gatnaşmak mümkinçiligine eýe boldy. 66 utugy bolan “Lester Siti” bolsa 5-nji orna düşdi.Möwsümiň agramly bölegini öňdäki 4 orunda dowam etdiren “Lester Siti” bassyr 2-nji gezek soňky tapgyrlarda şowsuzlyga uçrap, Çempionlar ligasynyň daşynda galmak bilen ýüzbe-ýüz ýagdaýda.

“Premier Ligada” “Tottenham” öz meýdançasynda “Aston Willadan” 2-1 ýeňildi. “Arsenal” bolsa myhmançylykda “Kristal Palasy” 3-1 hasabynda ýeňdi. “Arsenal” ýeňiş gollaryny 90-njy minutdan soň geçirdi. Şeýle-de bu duşuşyk “Kristal Palasyň” tälimçisi Roý Hojsonyň öz meýdançasyndaky soňky duşuşygy boldy. 73 ýaşyndaky tälimçi “Premier Liganyň” iň ýaşuly tälimçisi rekordynyň eýesidir.

Häzirki wagtda Çempionlar ligasyna gatnaşmak ugrunda Mançester şäheriniň wekilleri 1-2-nji ýerleri eýelär. 3-nji orunda 67 utukly “Çelsi” bar. 66 utuklary bolan “Liwerpul” 4-nji, “Lester” 5-nji ýerde barýar.

38-nji tapgyrda “Çelsi” myhmançylykda “Aston Willa” bilen duşuşsa, “Liwerpul” hem öz meýdançasynda “Kristal Palasy” kabul eder. “Lesteriň” garşydaşy-da “Tottenham” bolar. “Premier Ligada” 38-nji tapgyryň ähli duşuşygy-da 23-nji maýda 20:00-da başlanýar.

Ýene degişli makalalar

Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
2021-nji ýyla geçip, ne ýeňiş, ne-de gol
92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ilkinji çärýek finalçylar belli boldy