Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek

UEFA Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek çärýek finala çykan 8 klubuň 4-siniň tälimçisi bir ýurtdan boldy. Ýagny germaniýaly 4 tälimçi öz tälimçilik edýän toparlary bilen çärýek finalda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Germaniýaly tälimçileriň ikisi nemes klublaryna, beýleki ikisi-de iňlis toparlaryna tälim berýärler “Bawariýanyň” tälimçisi Hans-Diter Flik bilen “Borussiýa Dortmundyň” tälimçisi Edin Terziç hem-de “Çelsi” toparynyň tälimçisi Tomas Tuhel bilen “Liwerpulyň” tälimçisi Ýurgen Klopp.

Ertirki bije çekilişden soň, çärýek finalda olaryň özara duşuşmagy-da mümkin. Şeýle-de olaryň näçesiniň ýaryşy dowam etdirjekdigi janköýerleri içgin gyzyklandyrýar.

The post Çempionlar ligasynyň taryhynda ilkinji gezek appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
"Liwerpul" öz meýdançasynda 68 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi
Gurban Berdiýew dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawynda 27-nji ýerde
2021-nji ýyla geçip, ne ýeňiş, ne-de gol
“Mançester Siti” ilkinji gezek finalda, Guardiola 7-nji tälimçi