“Mançester Siti” ilkinji gezek finalda, Guardiola 7-nji tälimçi

UEFA Çempionlar ligasynda ilkinji finalçy belli boldy.Parižden ýeňiş bilen (2-1) dolanan “Mançester Siti” öz meýdançasynda-da PSŽ-ni ýeňlişe sezewar etdi.Garly howada geçen oýnuň 11-nji minutynda Riýad Mahrez hasaby açdy.

PSŽ hasaby deňlemek üçin näçe dyrjaşsa-da olara başartmady. 2-nji ýarymda-da has takygy, 63-nji minutda ýene bir gol geçiren Riýad Mahrez toparyny finala çykaran oýunçy boldy.

Duşuşygyň 69-njy minutynda Fernandinionyň garşysyna gödeklige ýol beren Anhel Di Mariýa gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy. Şeýlelikde, 2-0, umumylykda-da 4-1 öňe saýlanan “Mançester Siti” taryhynda ilkinji gezek bu ýaryşda finalda oýnamaga hukuk gazandy. “Mançester Siti” UEFA-nyň birinji derejeli kubok ýaryşynda finala çykan 9-njy iňlis kluby boldy.

Mundan öňki 8 klubuň 5-sine çempion bolmak başardypdy.

Şeýle-de Pep Guardiola kärdeşleri Ottmar Hitzfeld, Luis Wan Gaal, Žoze Mourinio, Ýupp Haýnkes, Karlo Ançelotti hem-de Ýurgen Kloppdan soň iki dürli klub bilen finala çykan 7-nji tälimçi hökmünde hasaba alyndy.

“Mançester Sitiniň” finaldaky garşydaşy-da şu gijeki “Çelsi”-“Real Madrid” duşuşygyndan soň belli bolar. Birinji duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanypdy.

The post “Mançester Siti” ilkinji gezek finalda, Guardiola 7-nji tälimçi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Şu gün Ýewropanyň iň gowy futbolçylary we tälimçisi belli bolar
UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi mälim edildi
Karlo Ançelotti ― Ýewropada geçen möwsümiň iň gowy tälimçisi
Karlo Ançelotti UEFA tarapyndan ýylyň iň gowy tälimçisi boldy
“Mançester Siti” 2-nji tapgyra çykdy