Karlo Ançelotti UEFA tarapyndan ýylyň iň gowy tälimçisi boldy

Karlo Ançelotti UEFA tarapyndan ýylyň iň gowy tälimçisi boldy

Madridiň “Realyna” ýolbaşçylyk edýän italiýaly Karlo Ançelotti Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) wersiýasyna görä, 2021/22-möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi. Bu barada Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekişiginde belli boldy.

Geçen möwsümiň netijesi boýunça, “Real” Ispaniýanyň çempiony we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.Ançelotti 62 ýaşynda, ol 2021-nji ýylyň tomsunda “Reala” ýolbaşçy boldy.Ançelotti Ýewropanyň iň güýçli bäş milli çempionatynyň her birinde ýeňiş gazanan taryhda ilkinji tälimçi boldy.

Karýerasynyň dowamynda italiýaly hünärmen milli birinjilikde Angliýanyň “Çelsi”, Germaniýanyň “Bawariýa”, Italiýanyň “Milan” we Fransiýanyň “PSŽ” klublaryny ýeňşe getirdi.Baýrak üçin dalaşgärleriň hatarynda Angliýanyň “Mançester Sitisiniň” baş tälimçisi ispaniýaly Hosep Gwardiola we “Liwerpulyň” baş tälimçisi germaniýaly Ýurgen Klopp hem bardy.

Geçen ýyl baýragyň eýesi Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Tomas Tuhel boldy.

Ýene degişli makalalar

Şu gün Ýewropanyň iň gowy futbolçylary we tälimçisi belli bolar
“Mançester Siti” ilkinji gezek finalda, Guardiola 7-nji tälimçi
UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi mälim edildi
Karlo Ançelotti ― Ýewropada geçen möwsümiň iň gowy tälimçisi
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Argentinanyň tälimçisi Ýylyň tälimçisi diýlip yglan edildi