UEFA-da ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi mälim edildi

UEFA Çempionlar Ligasynyň toparçalarynyň bije çekiliş dabarasynda UEFA-da ýylyň tapawutlananlary hem mälim edildi. “Real Madridiň” fransiýaly ýyldyzy Karim Benzema ýylyň futbolçysy, toparyň tälimçisi Karlo Ançelotti bolsa ýylyň tälimçisi diýlip saýlandy. Benzema belgiýaly futbolçylar Kewin De Bruýne hem-de klubdaşy Tibo Kurtuadan köp ses aldy. Ançelotti bolsa Pep Guardiola bilen Ýurgen Kloppdan öňe saýlanmagy başardy.

Şeýle-de UEFA ýylyň zenan futbolçysy baýragyna Ispaniýanyň hem-de “Barselonanyň” ýyldyzy Aleksia Putellas mynasyp boldy. Angliýanyň ýygyndysyny yklymyň çempiony eden Sarina Wiegman ýylyň tälimçisi diýlip saýlandy.

UEFA-nyň Prezidentiniň ýörite baýragy bolsa futbolda bitiren uly hyzmatlary üçin italiýaly meşhur tälimçi Arrigo Sakkä berildi.

Ýene degişli makalalar

Şu gün Ýewropanyň iň gowy futbolçylary we tälimçisi belli bolar
“Mançester Siti” ilkinji gezek finalda, Guardiola 7-nji tälimçi
Karlo Ançelotti ― Ýewropada geçen möwsümiň iň gowy tälimçisi
Karlo Ançelotti UEFA tarapyndan ýylyň iň gowy tälimçisi boldy
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!