Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?

Angliýanyň “Premier Ligasynda” ýylyň futbolçysy hem-de tälimçisi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi. Ýylyň futbolçysy bolmak ugrunda “Liwerpulyň” ýyldyzlary Mohamed Salah, Trent Aleksander-Arnold, “Mançester Sitiniň” ýyldyzlary Kewin De Bruýne, Žoao Kanselo, “Tottenhamdan” Hyn Min Son, “Southemptondan” Jeýms Ward-Prouz, “Arsenaldan” Bukaýo Saka, “West Hamdan” Jerrod Bowen dalaşgär görkezildi. Ýylyň futbolçysy baýragynyň ýeňijisi janköýerleriň, şol sanda 20 klubuň kapitanlarynyň we futbol bilermenleriniň ses bermegi esasynda saýlanýar.

Ýylyň tälimçisi baýragyna-da “Premier Ligadaky” ilkinji möwsüminde şowly netijeler gazanan “Brentfordyň” tälimçisi Tomas Frank, sanawyň lideri “Mançester Sitiniň” tälimçisi Pep Guardiola, “Nýukasly” aşaky orunlardan çykarmagy başaran Eddi How, “Liwerpulyň” tälimçisi Ýurgen Klopp hem-de “Kristal Palasyň” fransiýaly tälimçisi Patrik Wieira dalaşgärlige hödürlendi.

Ses bermek isleýän janköýerler 16-njy maýa çenli Premier Liganyň resmi saýtyna girip ses berip bilerler.

Ýene degişli makalalar

92 ýyldan soň 50 gola ýeten ilkinji futbolçy
"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
"Liwerpul" öz meýdançasynda 68 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi
Gurban Berdiýew dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawynda 27-nji ýerde
2021-nji ýyla geçip, ne ýeňiş, ne-de gol