Tuhel ýylyň iň gowy tälimçisi boldy

Tuhel ýylyň iň gowy tälimçisi boldy

Çelsiniň baş tälimçisi Tomas Tuhel FIFA boýunça 2021-nji ýylyň iň gowy tälimçisi boldy.

Germaniýaly hünärmen geçen möwsümiň dowamynda Çelsiniň tälimçi wezipesinde Frenk Lempardyň ornuny çalşyrdy.Tuhel ilkinji möwsüminde Çelsini Çempionlar ligasynda ýeňşe getirdi. Ýaryşyň finalynda Londonyň kluby Hosep Gwardiolanyň Mançester Siti toparyny utdy.

Bu baýraga Gwardiola we Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Mançini hem dalaş etdi.Gwardiola geçen ýyl Mançester Siti bilen bilelikde Angliýanyň çempionatyny we Angliýanyň ligasynyň kubogyny utdy.

Mançini Italiýanyň milli ýygyndysyny Ýewropa 2020 çempionatynda ýeňşe getirdi.Iň gowy tälimçi üçin baýragyň mundan önki eýesi Liwerpulyň halypasy Ýurgen Klopp boldy.

Ýene degişli makalalar

Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
11-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
"Asyryň oýunçysy", "asyryň tälimçisi", "asyryň agenti", "asyryň kluby" yglan edildi
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
"Liwerpul" öz meýdançasynda 68 oýundan soň ilkinji gezek ýeňildi
Gurban Berdiýew dünýäniň iň gowy tälimçileriniň sanawynda 27-nji ýerde