Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar

Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň 2-si şu hepdäniň ahyrynda bat alar. Düýn gije BawariýaŞalke duşuşygy bilen bat alan Germaniýanyň

Bundesligasyndan soň, şu gün Italiýanyň A-Seriýasynyň hem täze möwsümine badalga berler.

Italiýanyň çempionatynda Serie A-nyň 89-njy, umumylykda-da Italiýanyň ýokary ligasynyň 119-njy möwsüminde adatça bolşy ýaly 20 klub çykyş eder. Çempionlygyň iň esasy dalaşgäri hökmünde soňky 9 ýylyň ýeňijisi ýene-de Ýuwentus topary hasaplanýar.

Toparlaryň öňümizdäki günlerde dowam edýän transfer möwsüminde ýene-de birnäçe oýunçyny transfer etmeklerine garaşylýar.

ÝUWENTUS. Maurisio Sarrini çempionlyga garamazdan, wezipesinden boşadan Ýuwentus topary onuň ornuna Andrea Pirlony tälimçilige belledi. Bu onuň ilkinji synanyşygy bolup, ol Kristiano Ronaldo, Paulo Dibala, Georgi Kiellini, Janluiji Buffon, Duglas Kosta, De Ligt, Bonuççi ýaly ýyldyzlaryna bil baglaýar. Topary Serie A-da gazanyljak çempionlyk kanagatlandyrmasa gerek. Olaryň iň esasy arzuwy UEFA Çempionlar Ligasynyň Kubogyny gazanmak bolar.

INTER. Çempionlygyň esasy 2-nji dalaşgäri Antonio Konteniň tälim berýän Inter topary. Geçen möwsümde mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp bilmedik topar hüjüm futbolyny oýnaýar. Martines, Lukaku, Barella, Godin, Handanowiç, Brozowiç, De Wriý toparyň esasy ýyldyzlary hasaplanýar. Kolarow, Hakimi ýaly oýunçylary transfer eden Inter Arturo Widaly hem düzümine goşmagyň bosagasynda.

LASIO. Geçen möwsümde mejbury arakesmä çenli çempionlyk göreşini ýokary depginde alyp baran Lasio toparyna Simona Inzagi tälim berýär. Immobile, Milinkowiç-Sawiç ýaly esasy oýunçylaryny toparda alyp galmagy başaran Lasio bu möwsümde-de çempionlyk üçin synanyşar.

MILAN. Tamamlanan möwsümde mejbury arakesmeden soň, ýokary derejeli çykyş görkezip, bir duşuşykda-da ýeňilmedik Milan tälimçisi Stefano Piolo bilen şertnamasyny uzaldypdy. Ibrahimowiç bilen hem 1 ýyllyk şertnama baglaşan Milan geljegiň Pirlosy hökmünde görülýän Sandro Tonalini transfer etdi. Geçen möwsümdäki düzümini goran topar çempion bolup bilmese-de, öňdäki 4-lüge düşmek üçin ýiti göreş alyp barar.

ATALANTA. Iki möwsümden bäri taryhy başarnyk görkezýän Jan Piero Gasperininiň tälimçiligindäki Atalanta bassyr gazanylan üçünjiliklerden soň, bu derejäni has ýokarlandyrmak isleýär. Elbetde, bu olara ýeňil düşmez. Ýöne 2 möwsümden bäri çempionatyň iň köp gol geçirýän toparynyň uly klublar bilen geçirýän duşuşyklarynda-da ýeňiş gazanmagy gerek.

NAPOLI. Jennaro Gattusonyň tälimçiliginde geçen möwsümi Italiýanyň Kubok ýaryşynyň çempionlygy bilen tamamlan Napoliden Allan bilen Kallehon aýryldy. Nigeriýaly hüjümçi Wiktor Osimheni 70 million ýewro transfer eden klub öňdäki orunlar ugrunda göreşer.

ROMA. Paýtagtyň wekili Roma topary portugaliýaly hünärmen Paulo Fonsekanyň ýolbaşçylygynda öňdäki orunlara ymtylýan toparlaryň biri. Pedrony düzümine goşan paýtagtlylar Florenzini PSŽ toparyna ugratdy.

Ýerli tälimçiler bilen işleşmegi gowy görýän italýan klublarynyň 17-sine italiýaly tälimçiler tälim berer. Galan 3 tälimçiniň 2-si Serbiýadan, beýlekisi-de Portugaliýadan bolup, Parmadyr Jenoa toparlary tälimçilerini awgust aýynda çalyşdylar.

Çempionatyň täze klublary barada bellesek, Filippo Inzaginiň tälim berýän Benewento topary Serie B-niň çempiony hökmünde ýokary ligada çykyş eder.Taryhda ilkinji gezek Serie A-da 2 dogan tälimçi Filippo we Simone Inzagiler biri-biri bilen garşydaş bolarlar.

Edil Benewento ýaly 2 ýyldan soň, dolanan Krotone hem-de ilkinji gezek Serie A-da çykyş etjek Spezia topary liganyň täze klublarydyr.

BAWARIÝA.Geçen möwsümi 3 kubok bilen tamamlan we ýene-de birnäçe kubogyň bosagasynda duran Bawariýa gürrüňsiz nemes futbolynyň lokomotiwi.Hans-Diter Flikiň tälimçiligindäki topar Leroý Saneni transfer etdi.

Toparyň düzüminden Kountinio, Perişiç öňki klublaryna dolandy.Münhenliler Tiago Alkantarany-da Liwerpula transfer etdiler.Muňa garamazdan, Lewandowski, Gnabri, Goreska, Noýer, Alaba, Dewies, Koman ýaly ýyldyzlaryna bil baglaýan toparyň bassyr 9-njy çempionlygyny-da gazanmagy üçin öňünde hiç hili päsgelçilik ýok.

BORUSSIÝA D. Ýurduň ikinji iň uly topary Borussiýa Dortmunddan Hakimi, Gýotse ýaly oýunçylar aýryldy. Tomas Moýneri, Jude Bellingemi transfer eden dortmundlylar ýene-de Lusen Fawreniň tälimçiliginde Bawariýanyň ýalňyşaryna garaşyp, çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp bararlar. Toparyň janköýerleri Erling Holann, Sanço, Roýs, Witsel, Torgan Hazard ýaly oýunçylardan uly tama edýärler.

LEIPSIG. Esasy ýyldyzy Timo Werneri Çelsä ugradan Leipsig toparynyň janköýerleri ýaş tälimçi Ýulien Nagelsmanna uly ynam bildirýärler. Çempionlar ligasynda şowly çykyş eden Leipsig yzly-yzyna 2 gezek bürünç medala mynasyp boldy we topar täze möwsümde-de iň bolmanda, şol başarnygyny gaýtalamak üçin göreşer.

BEÝLEKILER. Münhengladbah şäheriniň Borussiýa toparyny, esasy oýunçylaryny ugradan Baýeri, şol sanda Şalkeni öňdäki orunlaryň iň esasy dalaşgär toparlary hökmünde görkezmek bolar.

18 toparyň çykyş edýän Bundesligasynda 11 klubuň tälimçisi ýerli hünärmenlerdir. ABŞ-dan, Awstriýadyr Şweýsariýadan 2 hem-de Niderlandlardan 1 tälimçi nemes klublaryna tälim berer.

Liganyň täze klublary Ştutgart bilen Arminia Bielefeld toparlary bolup, olaryň birinjisi 1 ýyllyk arakesmeden soň, Bundesliga dolandy. Arminia Bielefeld bolsa, 11 ýyldan soň, nemes futbolynyň iň ýokary ligasynda çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Şu gün “Serie A”-nyň 89-njy möwsümine badalga berler
“Bundesliganyň” täze möwsüminiň ilkinji duşuşygy “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziler
Bawariýa, Mançester Siti, Çelsi, Sewilýa, Barselona, Ýuwentus 1/8 finala çykdy
16 duşuşyk 48 gol
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar