Şu gün “Serie A”-nyň 89-njy möwsümine badalga berler

Şu gün Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň täze möwsümine badalga berler.

Italiýanyň çempionatynda “Serie A”-nyň 89-njy, umumylykda-da Italiýanyň

ýokary ligasynyň 119-njy möwsüminde adatça

bolşy ýaly 20 klub çykyş eder. Çempionlygyň iň esasy dalaşgäri hökmünde soňky 9

ýylyň ýeňijisi ýene-de “Ýuwentus”

topary hasaplanýar.

“ÝUWENTUS”. Maurisio Sarrini çempionlyga garamazdan, wezipesinden

boşadan “Ýuwentus” topary onuň ornuna Andrea Pirlony tälimçilige bellediler. Bu

onuň ilkinji synanyşygy bolup, ol Kristiano Ronaldo, Paulo Dibala,

Georgi Kiellini, Janluiji Buffon, Duglas Kosta, De Ligt, Bonuççi ýaly ýyldyzlaryna bil baglaýar. Topary

“Serie A”-da gazanyljak çempionlyk

kanagatlandyrmasa gerek. Olaryň iň esasy arzuwy UEFA Çempionlar Ligasynyň Kubogyny gazanmak bolar.

“INTER”. Çempionlygyň esasy 2-nji dalaşgäri Antonio Konteniň tälim berýän “Inter” topary. Geçen möwsümde

mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp bilmedik topar hüjüm futbolyny oýnaýar. Martines, Lukaku, Barella, Godin, Handanowiç, Brozowiç, De Wrij toparyň esasy ýyldyzlary hasaplanýar. Kolarow, Hakimi ýaly oýunçylary transfer eden “Inter” Arturo Widaly hem düzümine goşmagyň bosagasynda.

“LASIO”. Geçen möwsümde mejbury arakesmä çenli

çempionlyk göreşini ýokary depginde alyp baran “Lasio” toparyna Simona Inzagi tälim berýär. Immobile, Milinkowiç-Sawiç ýaly esasy oýunçylaryny toparda alyp

galmagy başaran “Lasio” bu möwsümde-de çempionlyk

üçin synanyşar.

“MILAN”. Tamamlanan möwsümde mejbury

arakesmeden soň, ýokary derejeli çykyş görkezip, bir duşuşykda-da ýeňilmedik

“Milan” tälimçisi Stefano

Piolo bilen

şertnamasyny uzadypdy. Ibrahimowiç bilen

hem 1 ýyllyk şertnama baglaşan “Milan” geljegiň Pirlosy hökmünde görülýän Sandro Tonalini transfer etdi. Geçen möwsümdäki

düzümini goran topar çempion bolup bilmese-de, öňdäki 4-lüge düşmek üçin ýiti göreş alyp barar.

“ATALANTA”. Iki möwsümden bäri taryhy başarnyk

görkezýän Jan Piero

Gasperininiň tälimçiligindäki

Atalanta bassyr gazanylan

üçünjiliklerden soň, bu derejäni has ýokarlandyrmak. Elbetde, bu olara ýeňil

düşmez. Ýöne 2 möwsümden bäri çempionatyň iň köp gol geçirýän topary uly

klublar bilen geçirýän duşuşyklarynda-da ýeňiş gazanmagy gerek.

“NAPOLI”. Jennaro Gattusonyň tälimçiliginde geçen möwsümi

Italiýanyň Kubok ýaryşynyň çempionlygy bilen tamamlan “Napoliden” Allan bilen Kallehon aýryldy. Nigeriýaly hüjümçi Wiktor Osimheni 70 million ýewro transfer eden klub öňdäki orunlar ugrunda

göreşer.

“ROMA”. Paýtagtyň wekili “Roma”

topary portugaliýaly hünärmen Paulo Fonsekanyň ýolbaşçylygynda öňdäki orunlara ymtylýan toparlaryň biri. Pedrony düzümine goşan paýtagtlylar Florenzini PSŽ toparyna ugratdy.

Ýerli tälimçiler bilen işleşmegi gowy

görýän italýan klublarynyň 17-sine

italiýaly tälimçiler tälim berer. Galan 3 tälimçiniň 2-si Serbiýadan, beýlekisi-de

Portugaliýadan bolup, “Parmadyr” “Jenoa” toparlary tälimçileriniň awgust

aýynda çalyşdylar.

Çempionatyň täze klublary barada

bellesek, Filippo

Inzaginiň tälim

berýän “Benewento” topary “Serie B”-niň çempiony hökmünde ýokary ligada çykyş eder. Taryhda ilkinji gezek “Serie A”-da 2 dogan tälimçi Filippo we Simone Inzagiler biri-biri bilen özara güýç synanyşar.

Edil “Benewento” ýaly 2 ýyldan soň, dolanan “Krotone” hem-de ilkinji gezek “Serie A”-da çykyş etjek “Spezia” topary liganyň täze klublarydyr.

Ýene degişli makalalar

Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
Türkmenistanda metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça pudagara topar döredildi, Aşgabatda Rus diliniň güni we Puşkiniň doglan güni belleniler, Awazada Gün elektrik stansiýasy ulanmaga berildi we beýleki habarlar
Ýewropada ýeňilmedik ýok
“Ýuwentusa” taryhy jerime 15 utugy aýryldy
“Ýuwentus” 123 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek...