“Ýuwentus” 123 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek...

“Ýuwentus” 123 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek...

UEFA Çempionlar ligasynda “Ferençwaroşy” Moratanyň soňky minutda geçiren goly bilen 2-1 ýeňip, 1/8 finala adyny ýazdyran “Ýuwentusyň” bu duşuşygynda taryhy waka boldy. Ýagny “Ýuwentus” kluby 123 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek goragçylary hem-de derwezeçi italiýaly bolmadyk futbolçylar bilen meýdança çykdy.

Goja Sinýoralylar taryhynda şu wagta çenli geçiren 4371 duşuşygynda ýeke gezek hem goragy hem-de derwezäni italýansyz goýmandy. Ýöne Bonuççi, Kiellini ýaly oýunçylaryň şikesli bolmagy zerarly tälimçi Pirlo goragda Aleks Sandro, Danilo, Kuadrado, De Ligt ýaly daşary ýurtly oýunçylary oýnatdy.

Derwezäni bolsa, Şensny gorady.Umumylykda, onsuzam “Ýuwentusyň” Ferenswaroşy 2-1 ýeňen oýnunda meýdançada esasy düzümde ýeke-täk italýan futbolçy bardy.Ol hem Federiko Bernardeskidi.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar ligasynyň 66-njy möwsümi
“Ýuwentusa” taryhy jerime 15 utugy aýryldy
Şu gün “Serie A”-nyň 89-njy möwsümine badalga berler
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
EUR0 2020-ä badalga berildi