Transfer täzelikleri

Italiýanyň “Milan” kluby transferden doýanok.Topar “Ýuwentusyň” italiýaly ýyldyz goragçysy Leonardo Bonuççini hem-de “Lasiodan” argentinaly ýarymgoragçy Lukas Bigliany hataryna goşdy. 30 ýaşly Bonuççi bilen 5 ýyllyk, 31 ýaşly Biglia bilenem 3 ýyllyk şertnama baglaşyldy. “Rossenerililer” Bonuççi üçin “Ýuwentusa” 42, Biglia üçinem “Lasio” 17 million ýewro berer. “Milan” bulardan öňürti-de “Atalantadan” 23 ýaşly goragçy Andrea Kontini 24 million ýewro transfer etdi.

Topar M.Musaççio, R.Rodriges, Andre Silwa, H. Çalhanoglu, A.Donnarumma, F.Kessie, F.Borini dagyny jemi 11 oýunçyny öz hataryna goşdy.Italýan kluby häzirki wagtda-da Belottini ýa-da Obameýangy transfer etmegiň aladasynda.

***

“Serie A-nyň” soňky 6 ýylynyň çempiony “Ýuwentus” topary ezeli bäsdeşi “Milandan” italiýaly goragçy Matteo De Şilio bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.Turinliler bu transfer üçin “Milana” 12 million ýewro tölär. “Milanyň” ýaşlar düzüminde önüp-ösen futbolçy geçen möwsümde 27 duşuşykda meýdança çykdy. Şeýle hem “Ýuwentus” geçen möwsümi “Romada” kärendesine oýnan “Arsenalyň” polşaly derwezeçisi Woýjek Şensnyny transfer etdi. “Goja Sinýora” 27 ýaşly derwezeçi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Bu transferiň bahasy 12,2 million ýewro diýlip kesgitlenildi.***Çempionlar ligasynyň we “La Liganyň” çempiony “Real Madrid” topary “Betisden” 20 ýaşly ýaryymgoragçy Dani Seballosy transfer etdi.Bu transfer üçin 16,5 million ýewro çykdajy eden madridliler ispaniýaly oýunçy bilen 6 ýyla niýetlenen şertnama gol çekişdi.

Häzirlikçe ýyldyz oýunçy transfer etmedik “Real Madrid” şäheriň beýleki kluby “Atletikonyň-da” fransiýaly çep gyraky goragçysy, 19 ýaşly Teo Hernandesi hem 6 ýyllyk şertnama bilen hataryna goşdy.***Geçen möwsümiň başynda “Mançester Sitä” transfer bolan ispaniýaly Nolita ýene-de “La Liga” gaýtdy. “Sewilýa” bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşan 30 ýaşly hüjümçiniň transfer bahasy 9 million ýewro diýlip kesgitlenildi. “Sewilýa” topary “Premier ligada” 9 oýunda 6 gol geçiren Nolitodan öňem Luis Muriel, Ewer Banega, Guidi Pizarro, Sebastian Gorçia dagyny hataryna goşupdy.

Topar “Mançester Sitiden” gaýdan Hesus Nawasy hem transfer etmegiň aladasynda.***Ozalky şägirdi Dani Alwesi hataryna goşup bilmedik Pep Guardiola “Tottenhamyň” angliýaly sag gyraky goragçysy Kaýl Wolkeri transfer etdi. “Mançester Siti” topary bu transfer üçin 55 million ýewrony londonlylara berer. 2-nji belgide çykyş etjek 27 ýaşyndaky Wolker şäherliler bilen 2022-nji ýyla çenli degişli geleşik baglaşdy.***Transfer möwsüminde o diýen ady agzalmaýan “Barselona” topary “Benfikanyň” sag gyraky goragçysy Nelson Semedo bilen düzümini güýçlendirdi.

Katalonlar 24 ýaşyndaky oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, onuň öňki klubuna-da 30+5 million ýewro berer.Semedo “Benfikada” 2 möwsümde 63 duşuşyk geçirdi.***Angliýanyň çempiony “Çelsi” topary “Monakonyň” fransiýaly ýarymgoragçysy Timeu Bakaýoka bilen düzümini güýçlendirdi. 45 million ýewro transfer bolan 22 ýaşly oýunçy “Çelsi” bilen 5 ýyllyk ylalaşyk gazandy. “Rennde” futbola başlan Bakaýoka 3 ýyllap “Monakoda” çykyş etdi we 63 oýunda 3 gezek tapawutlandy.***“Sewilýanyň” 31 ýaşyndaky goragçysy Adil Rami 6 ýyldan soň, ýurduna dolandy.

Ol “Marsel” topary bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Marsel” bu transfer üçin ispan klubuna 6 million ýewro tölär.Fransiýada “Lill”, Ispaniýada “Walensiýa”, Italiýada-da “Milan” toparynda oýnan Rami geçen möwsümde “Sewilýanyň” köýnekçesi bilen 33 gezek meýdança çykdy.***11 metrlik jerime urgularyny saklamakda özüni tanadan “Walensiýanyň” braziliýaly derwezeçisi Diego Alweş öz ýurduna dolandy. 32 ýaşyndaky derwezeçi Braziliýanyň “Flamengo” toparynyň hataryna goşuldy. 17 penaltini saklap, bu ugurda “La Liganyň” rekordynyň eýesi bolan Alweş 6 möwsümden bäri “Walensiýada” oýnap gelýärdi.***Türkiýäniň wise-çempiony “Istanbul Başakşehir” topary “Hannowerden” hüjümçi Mewlüt Erdinç bilen “Beşiktaşdan” ýarymgoragçy Gökhan Inleri transfer etdi.

Iki futbolçy-da täze kluby bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.***“Galatasaraýyň” türkiýeli goragçysy Semih Kaýa Çehiýanyň “Sparta Praga” topary bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.Türk topary bu transferden 2 million ýewro gazanar. 26 ýaşly oýunçy “Galatasaraýda” 140 duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar
Täze kinolar
Şahruh Han kino dolanýar