Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar

Dünýä ýurtlary Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgarýarlar

ABŞ-nyň hökümedi Prezident Jo Baýdeniň hadysalara ýakyndan gözegçilik edýändigini habar berdi.

Ak Tamdan berilen beýanatda: "Moskwadaky hüjüm elhenç, kalbymyz ýogalan adamlar bilen bilelikde" diýip bellendi.

NATO-nyň metbugat geňeşçisi Farah Dakhallah X sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Moskwada konserte baran adamlaryň nyşana alynan hüjümleri çürt-kesik ýazgarýarys. Hiç bir zat bular ýaly aýylganç jenaýaty aklap bilmez. Ýogalan adamlara we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýäris" diýip nygtady.

Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel hem: "Moskwadaky elhenç terrorçylykly hüjümi ýazgarýaryn. Her ýerde bigünä adamlaryň janlarynyň pidalary adamzat tragediýasydyr" diýip belledi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda hüjüm berk ýazgaryldy. Beýanatda: "Bigünä adamlaryň maşgalalaryna, Russiýa Federasiýasynyň halkyna we hökümetine tüýs ýüregimizden gynanç bildirýäris" diýip beýan edildi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron rus halkyna medet beriji ýüzlenmeler berdi.

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Dewid Kemeron hem terrorçylykly hüjümi ýazgaryp: "Hiç bir zat bular ýaly aýylganç zorlugy aklap bilmez" diýip aýtdy.

BMG-nyň howpsuzlyk geňeşi terrorçylykly aksiýany "hyýanatçylykly we gorkak" diýip häsýetlendirdi.

BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterriş hüjümi berk ýazgardy.

BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissary Wolker Türk hem X sosial medi platformasyndan beren beýanatynda, Moskwada guralan elhenç hüjüme hopugandyklaryny beýan etdi.

Germaniýanyň Daşary işler ministrligi hem gynanç ýüzlenmesini çap etdi. Beýanatda, hüjümiň meýilnamasynyň tiz wagtda ýüze çykarylmagynyň zerurdygyny beýan etdi.

Özbegistanyň Prezidentliginden berilen beýanatda, Prezident Şewket Mirziýoýewiň pajygaly waka bilen bagly Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine çuňňur gynanç bildirýändigi bellendi.

Hamasyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Moskwada asuda ilaty nyşana alan, onlarça adamyň ýogalmagyna we ýaralanmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys" diýip habar berildi.

Irlandiýa, Gresiýa, Tunis, Ysraýyl, Ýaponiýa we Eýran döwletlerinden hem Russiýa gynanç bildirildi.

Beýleki tarapdan ABŞ soňky birnäçe hepde bäri terrorçylykly hüjüm bilen bagly rus resmilerine duýduryş berendigi aýan edildi.

ABŞ-nyň hökümedi raýatlaryna konsertler bilen birlikde adamlaryň ýygnanýan ýerlerinden uzak durmaklary barada çagyryş beripdi.

Beýik Britaniýa we Kanada hem Russiýadaky raýatlaryna seresap bolmaklary we märekeden uzak durmaklary barada çagyryş beripdi.

Düýn Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Krokus Siti Holl atly konsert zalyna ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm guralypdy.

Sosial mediada görkezilen materiallarda hüjümçileriň zalda çem gelen ýere ot açandyklaryny, Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugy terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 40 adamyň ýogalandygyny, Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko 60-synyň ýagdaýy agyr bolmak bilen 115 adamyň ýaralandygyny habar beripdiler.

Russiýanyň Derňew komitedi Moskwadaky terrorçylykly hüjümde 60-dan gowrak adamyň ýogalandygyny, ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigini mälim edipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýada guralan terrorçylykly hüjüm ýazgarylýar
Türkiye Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
NATO Eýranyň Ysraýyla Guran Hüjümini Ýazgardy
Transfer täzelikleri
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Täze kinolar