“NBA All Star” şüweleňi

Basketbol muşdaklary üçin uly şowhun hasaplanýan “NBA All Star” şüweleňinde çykyş etjek oýunçylar belli boldy.Bu ýyl Şarlott şäherindäki “Spectrum Center”-de oýnaljak “All Star” duşuşygynda toparlaryň kapitanlary öz düzümlerini mälim etdiler. Şoňa görä-de, LeBron Jeýmsiň toparynda Kewin Durant, Jeýms Harden, Kaýr Irwing, Kawhi Leonard, LaMarkus Oldrij, Bredli Bil, Entoni Dewis, Damian Lillard, Ben Simmons, Kleý Tompson, Karl Enton Tauns hem-de Dweýn Weýd dagy çykyş eder.

Jiannis Antetokunpmonyň kapitanlyk edýän toparynyň düzümine-de Stefen Körri, Joel Embild, Pol Jorj, Kemba Wolker Griffin, Nikola Ýorkiç, Kaýl Lowri, Kris Middlton, Dirk Nowitski, Wiktor Oladipa, D’Anjelo Rassel, Nikola Wuçewiç, Rassel Westrbruk çagyryldy. Şeýle-de toparlara tälim berjekler hem belli boldy.

LeBron Jeýms we onuň ýoldaşlaryna “Denwer Naggetsiň” tälimçisi Maýk Maloun, Jiannis Antetokunpmonyň toparyna-da “Milwaki Baksyň” tälimçisi Maýk Budenholzer tälim berer. 68-nji “NBA All Star” duşuşygy 18-nji fewralda Aşgabat wagty bilen 07:30-da başlanar.

Ýene degişli makalalar

LeBron we onuň ýoldaşlary
“Forsaž” filmleri 11-nji kinodan soň tamamlanar
Ýeňiş gazanan tarap LeBron Jeýmsiň topary
Super kuboklaryň eýeleri
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
NBA ýyldyzlarynyň täze toparlary