Taryhdaky iň gymmat şertnama

NBA-da “Denwer Naggets” topary serbiýaly ýyldyzy Nikola Ýokiç bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.Topar 27 ýaşyndaky super ýyldyza 5 ýyllyk şertnama üçin 264 million dollar tölär.

Bu bolsa NBA-nyň taryhyndaky iň gymmat şertnama hökmünde hasaba alyndy.Yzly-yzyna 2 gezek adaty möwsümiň iň gymmatly oýunçysy saýlanan Ýokiç geçen möwsümde 19 sapar “triple-double” netije gazandy.

Ol geçen möwsümde ortaça 27,1 utuk, 13,8 ribaund görkezijiler bilen çykyş etdi. Şol bir wagtyň özünde “Finiks Sans” topary ýyldyz oýunçysy Dewin Buker bilen 4 ýyllyk 214 million dollarlyk, “Waşington Wizards” bolsa esasy ýyldyzy Bredli Bil bilen 5 ýyllyk 251 million dollarlyk şertnama baglaşdy.

NBA-da şu wagta çenli 200 million dollardan geçen 7 şertnama bar bolup, başda-da belleýşimiz ýaly olaryň birinji Nikola Ýokiçiň şertnamasydyr.

NBA-nyň iň gymmat şertnamalary:

1. Nikola Ýokiç (“Denwer Naggets”, 2022) 5 ýyllyk 264 million dollar

2. Bredli Bil (“Waşington Wizards”, 2022) 5 ýyllyk 251 million dollar

3. Ýannis Antetokunmpo (“Milwaki Baks”, 2020) 5 ýyllyk 228,2 million dollar

4. Jeýms Harden (“Hýuston Rokets”, 2017) 4 ýyllyk 228 million dollar

5. Dewin Buker (“Finiks Sans”, 2022) 4 ýyllyk 214 million dollar

6. Rassell Westbruk (“Oklahamo Siti Tander”, 2017) 5 ýyllyk 206,8 million dollar

7. Stefen Körri (“Golden Steýt Warriors”, 2017) 5 ýyllyk 201,2 million dollar)

Ýene degişli makalalar

GYSGA SETIRLERDE
Dünýä Kubogyna 33 gün galdy
Sport habarlary gysga setirlerde
Los Anjeles Leýkers düzümine 2 ýyldyzy goşdy
Finalçylar belli boldy
“Maýami Hit” 6 ýyldan soň konferensiýanyň finalynda