Sport habarlary gysga setirlerde

NBA-da “Finiks Sansyň” “Dallas Maweriksi” 120109 hasaby bilen ýeňen duşuşygynda ýer eýeleriniň weteran basketbolçysy Jamal Krawford toparyna 51 utuklyk goşant goşdy. Şunlukda, 39 ýaşyndaky Krawford NBA-da 50-den köp utuk gazanan iň ýaşuly basketbolçy boldy.

Ondan öňki rekord 2001-nji ýylda 50 utuk gazanan Maýkl Jordona degişlidi. Şeýle-de Krawford karýerasy boýunça “Çikago Bulls”, “Nýu Ýork Niks” we “Golden Steýt Warriors” toparlarynda hem 50 utuk geçiripdi we ol 4 klubda muny başaran ilkinji basketbolçy boldy.NBA-da adaty möwsümiň soňky tapgyrynda “Milwaki Baks” bilen “Oklahoma Siti Tanderiň” arasyndaky oýunda (127—116) myhmançylykda toparyň ýyldyzy Rassel Westbruk rekorda şärik boldy.

Bu oýunda Westbruk 15 utuk, 11 ribaund hem-de 17 asist görkezijiler bilen çykyş etdi. Şeýlelikde, ol şu möwsümde 34-nji, umumylykda-da 138-nji gezek triple-double (3 görkezijide hem 10 we 10-dan ýokary netije gazanmak) edip, Mejik Jonsonyň rekordyny gaýtalady.

Tennis-boýunça zenanlaryň arasynda ABŞ-nyň Çarlston şäherinde geçirilen “Volvo Cars Open” ýaryşynda amerikaly tennisçi Keýz Medison ýeňiji boldy.Ol finalda daniýaly Karalina Wozniaskini 7:6, 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Bu çempionlyk Keýziň karýerasyndaky 4-nji ýeňşidir.Jübütlerde germaniýaly Anno-Leno Grenefeld bilen polşaly Aliseý Rosolskiý finalda russiýaly Irina Hromoçaýewa bilen Weronika Kudermetowany 2:0 (7:6, 6:2) ýeňdi.Hokkeý boýunça zenanlaryň arasynda Finlýandiýada dowam edýän Dünýä çempionatynda ýarym finala çykan toparlar belli boldy. 10 ýygyndynyň gatnaşan çempionatynda çärýek finalda ABŞ Ýaponiýany 4:0, Kanada Germaniýany 5:0, Russiýa Şweýsariýany 3:0, ýer eýesi Finlýandiýa Çehiýany 2:1 ýeňdi. Şu gün oýnaljak ýarym final duşuşyklarynda Kanada bilen Finlýandiýanyň ýygyndylary hem-de amerikaly we russiýaly gyzlar özara güýç synanyşarlar. 3-nji ýer üçin we final duşuşyklary ertir oýnalar.

Küreklemek boýunça iňlisleriň taryhy bäsleşigi Oksford we Kembrij uniwersitetleriniň arasynda Temza derýasynda geçirilýän 6,8 kilometrlik ýaryşda bu ýyl kembrijli talyplar ýeňiş gazandy. “The Boat Race” ady bilen tanalýan ýaryş şu ýyl 164-nji gezek geçirilip, oglanlarda-da, gyzlarda-da kembrijliler pellehana öňürti geldiler. Şeýlelikde, Kembrij uniwersitetiniň oglan talyplary 84-nji, gyz talyplary bolsa, 44-nji ýeňşini baýram etdi.

Ilkinji gezek 1829-njy ýylda geçirilen ýaryş, 1856-njy ýyldan bäri-de yzygiderli guralýar.Oksfordly oglanlaryň 80, gyzlaryň 30 ýeňşi bar.

Ýene degişli makalalar

NBA ýyldyzlarynyň täze toparlary
ABŞ-da sowuk howa sebäpli uçar saparlary goý bolsun edilmäge dowam edilýär
Jeýms 4-nji, Nowitski 6-njy orna geçdi
Muhammed Aliniň agtygy karýerasyna nokaut bilen başlady
Katar 2022 Dünýä Kubogynda çykyş edýän doganlar
Baba kesbi agtyga halal: Muhammet Aliniň agtygy ilkinji urşunda ýeňiş gazandy