Muhammed Aliniň agtygy karýerasyna nokaut bilen başlady

Rowaýaty boksçy Muhammed Aliniň agtygy Niko Ali Walş karýerasyndaky ilkinji tutluşygynda nokaut bilen ýeňiş gazandy.Ol ABŞ-nyň Oklahoma Siti şäherinde Jordan Wiks bilen geçiren duşuşygynyň ilkinji raundynda garşydaşyny tehniki nokaut bilen ýeňlişe sezewar etdi. 21 ýaşly boksçy bu duşuşykda babasynyň sowgat beren boks sport eşigi bilen çykyş etdi.

Muhammed Aliniň gyzy Raşida Ali Walş bilen onuň ýanýoldaşy Robert Walşyň ogly bolan Niko Ali özüniň ilkinji duşuşygyndan ýeňşini 2016-njy ýylda aradan çykan babasyna bagyş edýändigini aýtdy.Ol: “Köplenç babam barada pikir edýärin.

Ony göresim gelýär.Onuň agtygy bolmak, üstümde agyr ýük bar ýaly görkezýän ýaly bolup biler. Ýöne ol meň babamdy. Ähli döwürleriň iň uly boksçysy, belki-de iň beýik ynsanlarynyň biridi” diýip beýanat berdi.

Ýene degişli makalalar

Baba kesbi agtyga halal: Muhammet Aliniň agtygy ilkinji urşunda ýeňiş gazandy
Bütindünýä basketbol güni
“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Geçen möwsümiň iň gowy 25 futbolçysy, iň gowusy ...
Liwerpul Lesteri ýeňip, APL-iň birinjiligini Tottenhem bilen paýlaşdy
“Roma” Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy