“Roma” Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

“Roma” Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy

Italiýaly “Roma” Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň dördünji aýlawynyň oýnunda rumyniýaly ÇFR-i 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Rumyniýanyň Kluž şäherinde geçirildi.

Duşykda birinji goly 49-njy minutda ÇFR-iň hüjümçisi Gabriel Debelýuks öz derwezesine gönükdirdi.Ikinji pökgini 67-nji minutda "Romanyň" oýunçysy Jordan Wereta geçirdi. Öňki aýlawda “Roma” ÇFR-i 5:0 hasabynda ýeňipdi. “Roma” dört oýunda 10 utuk toplap, “A” toparçada birinji orunda barýar.

Ondan soň şweýsariýaly "Ýang boýz" (7 utuk) , ÇFR (4) we bolgariýaly CSKA (1) gelýär. “Roma” Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.Toparçalaýyn tapgyryň bu aýlawynda iňlisleriň “Tottenhemi” bolgariýaly “Ludogoretsi” 4: 0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda londonly klubdan Karlos Winisius (16-njy we 34-nji minutlarda), Gari Winks (63) we Lukas (73) geçirdi. “Tottenhem” dört oýunda 9 utuk bilen “J” toparçada ikinji orunda barýar, birinji ýerde belgiýaly "Antwerpen" (9 utuk), ýerleşýär.

Olardan soň üçünji ýerde awstriýaly LASK (6) bar. "Ludogorets" toparçalaýyn tapgyryň dört duşuşygynda bal toplap bilmän, Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykmak mümkinçiligini ýitirdi.Günüň beýleki oýunlarynyň netijeleri: AZ (Gollandiýa) - "Real Sosýedad" (Ispaniýa) - 0:0; “Baýer” (Lewerkuzen, Germaniýa) - “Hapoel” (Ysraýyl) - 4:1; "Granada" (Ispaniýa) - "Omoniýa" (Kipr) - 2:1; "Dandolk" (Irlandiýa) - "Rapid" (Awstriýa) - 1:3; “Napoli” (Italiýa) - “Riýeka” (Horwatiýa) - 2:0; "Nitsa" (Fransiýa) - "Slawiýa" (Praga, Çehiýa) - 1:3; PSV (Gollandiýa) - PAOK (Gresiýa) - 3:2; “Reýnjers” (Şotlandiýa) - “Benfika” (Portugaliýa) - 2:2; "Standard" (Belgiýa) - "Leh" (Polşa) - 2:1.

Ýene degişli makalalar

UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
Bütindünýä basketbol güni
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär