UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy

UEFA Ýewropa ligasynda täze möwsümde çykyş etjek 48 klub 12 toparça paýlandy. Şol 48 klub 26 ýurda wekilçilik edip, olaryň 5-si “Antwerpen”, “Omoniýa”, “Granada”, “Lester Siti” hem-de “Siwasspor” toparlary ýaryşa ilkinji sapar gatnaşýar. Geçirilen bije çekiliş dabarasynyň dowamynda “Interiň” belgiýaly hüjümçisi Romelu Lukaku Ýewropa ligasynda ýylyň futbolçysy diýlip saýlandy.

“A” toparça: “Roma” (Italiýa), “Ýang Boýz” (Şweýsariýa), “KFR Kluž” (Rumyniýa), “SSKA Sofiýa” (Bolgariýa)

“B” toparça: “Arsenal” (Angliýa), “Rapid Wien” (Awstriýa), “Molde” (Norwegiýa), “Dandolk” (Irlandiýa)

“C” toparça: “Baýer” (Germaniýa), “Slawiýa Praga” (Çehiýa), “Hapeol Beer-Şewa” (Ysraýyl), “Nissa” (Fransiýa)

“D” toparça: “Benfika” (Portugaliýa), “Standard Liež” (Belgiýa), “Reýnjers” (Şotlandiýa), “Leh” (Polşa)

“E” toparça: PSW (Niderlandlar), PAOK (Gresiýa), “Granada” (Ispaniýa), “Omoniýa” (Kipr)

“F” toparça: “Napoli” (Italiýa), “Real Sosiedad” (Ispaniýa), “AZ Alkmaar” (Niderlandlar), “Riýeka” (Horwatiýa)

“G” toparça: “Braga” (Portugaliýa), “Lester Siti” (Angliýa), AEK (Gresiýa), “Zarýa” (Ukraina)

“H” toparça: “Seltik” (Şotlandiýa), “Sparta Praga” (Çehiýa), “Milan” (Italiýa), “Lill” (Fransiýa)

“I” toparça: “Wilýarreal” (Ispaniýa), “Garabag” (Azerbaýjan), “Makkabi Tel-Awiw” (Ysraýyl), “Siwasspor” (Türkiýe)

“J” toparça: “Tottenham” (Angliýa), “Ludogores” (Bolgariýa), LASK (Awstriýa), “Antwerpen” (Belgiýa)

“K” toparça: “SSKA Moskwa” (Russiýa), “Dinamo Zagreb” (Horwatiýa), “Feýenoord” (Niderlandlar), “Wolfsberg” (Awstriýa) “L” toparça: “Gent” (Belgiýa), “Srwena Zwezda” (Serbiýa), “Hoffenhaým” (Germaniýa), “Slowan Liberes” (Çehiýa)

Ýene degişli makalalar

Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
4 topar 2-nji tapgyra çykdy
“Milan” we “Benfika” 23 oýundan bäri ýeňilmän gelýär
“Milan” 24 oýundan soň ýeňlişe sezewar boldy