24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy

UEFA Ýewropa ligasynda toparçalardaky 1-nji oýunlaryň deň ýarysynda

myhmançylykdaky toparlar ýeňiş gazandy. Galan 12 oýnuň 3-si deňlikde gutaryp,

olaryň birinde hasap açylmady. 2 duşuşykda 8 gol geçirildi. 2 futbolçy-da

tapgyry het-trik bilen tamamlady. “A” toparçada “Roma” myhmançylykda “Ýang Boýzy” Peres we Kumbullanyň gollary bilen 2-1 ýeňdi. Edil şol

hasap bilen “B” toparçada “Arsenal” hem “Rapid Wienden” üstün çykdy. Londonlylaryň gollaryny

Dawid Luiz bilen Obameýang derwezä girizdi. Tapgyryň iň köp golly

2 oýnunyň birinde “C” toparçada Lewerkuzeniň “Baýeri” Fransiýanyň “Nissa” toparyny 6-2 hasabynda ýeňlişe

sezewar etdi. Duşuşykda Bellarabi 2

gezek tapawutlandy. “D” toparçada Gabriel Nunýeziň (42, 60, 90+3) het-trik eden duşuşygynda “Benfika” myhmançylykda “Leh Poznany” 4-2 ýeňdi. “E” toparçada “PSW Eýndhoweniň” ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan

“Granadadan” öz meýdançasynda 2-1 asgyn gelmegi köpleri geň galdyrdy. Edil

şonuň ýaly-da tapgyryň garaşylmadyk netijeleriniň biri “F” toparçada hasaba

alyndy. Italiýanyň “Napoli”

topary Neapolda Niderlandlaryň “AZ Alkmaar” klubundan 1-0 utuldy (De Wit 57). Şol toparçada “Real Sosiedad” hem myhmançylykda “Riýekany” soňky minutlarda Bautistanyň goly bilen ýeňip, ýeňşini

baýram etdi.

“G” toparçadaky 2

duşuşykda-da ýer eýeleri birmeňzeş hasaplar bilen ýeňiş gazanyp, “Braga” AEK-i, “Lester Siti” bolsa “Zorýa Lugansky” 3-0 utdy. “H” toparçada Italiýanyň

“Milany” myhmançylykda “Seltikden” 3-1

üstün çykdy. “Milana” ýeňiş getiren gollary toparyň ýaş oýunçylary Kruniç (14), Diaz (42) hem-de Heuge (90+2) derwezä girizdi. Bu toparçada “Lill” myhmançylykda Praganyň “Sparta” toparyny 4-1 ýeňdi. Duşuşykda ýeňiş

gazanan toparyň 3 goluny türkiýeli oýunçy Ýusuf Ýazyjy öz adyna ýazdyrdy. “I” tapgyryň

8 golly duşuşygynda “Wilýarreal”

öz meýdançasynda “Siwasspory” 5-3 hasabynda utdy.

Duşuşykda ýer eýeleriniň adynda Kubo (13), Bakka (20), Foýt (57)

hem-de Alkaser (74, 78) tapawutlandy. “J” toparçada ýaryşyň güýçli klublaryndan “Tottenham” öz meýdançasynda Awstriýanyň LASK toparynyň derwezesinden jogapsyz 3 gol

geçirdi (Moura 18, Andrade 27 ö.d., Hyn Min Son 84). “K” toparçadaky 2

oýun hem deňlikde tamamlandy.

Toparçalardaky 2-nji duşuşyklar 29-nji oktýabrda

oýnalar.

UEFA Ýewropa ligasynda toparçalardaky 1-nji oýunlaryň netijeleri:

“A”: “Ýang Boýz” “Roma”: 1-2, “SSKA Sofiýa” “KFR Kluž”: 0-2

“B”: “Dandolk” “Molde”: 1-2, “Rapid Wien” “Arsenal”: 1-2

“C”: “Baýer” “Nissa”: 6-2, “Hapoel Beer Şewa” “Slawiýa Praga: 3-1

“D”: “Standard Liež” “Reýnjers”: 0-2, “Leh Poznan” “Benfika”: 2-4

“E”: “PSW Eýndhowen” Granada”: 1-2, PAOK Omoniýa”: 1-1

“F”: “Napoli” “AZ Alkmaar”: 0-1, Riýeka” Real Sosiedad”: 0-1

“G”: Braga” AEK: 3-0, “Lester Siti” “Zorýa Lugansk”: 3-0

“H”: “Seltik” “Milan”: 1-3, “Slawiýa Praga” “Lill”: 1-4

“I”: “Wilýarreal” “Siwasspor”: 5-3, “Makkabi Tel-Awiw” “Garabag”: 1-0

“J”: “Tottenham” LASK: 3-0, “Ludogores” “Roýal Antwerpen”: 1-2

“K”: “Dinamo Zagreb” “Feýenoord”: 0-0, “Wolfberger” “SSKA Moskwa”: 1-1 “L”: “Hoffenhaým” “Srwena Zwezda”: 2-0, “Slowan Liberes” “Gent”: 1-0

Ýene degişli makalalar

4 topar 2-nji tapgyra çykdy
Ýewropa ligasynda 1/16 finalda çykyş etjek klublar belli boldy
Ýewropa ligasynda 14 topar 2-nji tapgyra çykdy
Ýewropa ligasynyň bijeleri çekildi
UEFA Ýewropa Ligasynyň 4-nji hepdesiniň duşuşyklary geçirildi
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy